Seulda robot şüweleňleri we emeli aň attraksionlary bolan täze seýilgäh açyldy

  • 16.05.2026 07:49
  • 1.7k+

Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherinde «Galaxy Robot Park» atly täze göwün açyş seýilgähi işe başlady. Bu ýerde gelýänlere adampisint robotlaryň şüweleňi, K-pop konsertleri we çagalar hem-de maşgalalar üçin niýetlenen interaktiw emeli aň attraksionlary hödürlenilýär.

Seýilgäh Galaxy Corporation kompaniýasynyň başlangyjy bilen açyldy. Umumy meýdany takmynan 16,5 müň kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Seulyň gündogaryndaky Kandon etrabynda ýerleşýär.

Toplumyň iň esasy meýdançasy – ýörite taýýarlanan tomaşalaryň geçirilýän «Robotlar arenasy» boldy. Syýahatçylar bu ýerde robotlaryň özara söweş şowhunlaryna, aýdym-saz konsertlerine tomaşa edip, şeýle-de olaryň adam portretlerin çekişlerini synlap bilýärler.

Galaxy Corporation kompaniýasynyň baş direktory Çhwe Ýon-ho bu taslamanyň ýaş nesle robotlary adaty durmuşyň bir bölegi hökmünde kabul etmäge kömek etmelidigini belledi.

Täze taslama Günorta Koreýanyň emeli aň tehnologiýalaryna we göwün açyş ulgamyna goýýan maýa goýumlarynyň barha artýandygyny görkezýär. Meşhur K-pop ýyldyzy G-Dragon-yň hem bähbitlerini goraýan bu kompaniýa, seýilgähiň 2026-njy ýylyň awgustyna meýilleşdirilen resmi dabaraly açylyşyna çenli her ýyl 1000-den gowrak robot şüweleňini geçirmegi maksat edinýär.

Şu aýyň başynda geçirilen seýilgähiň deslapky tanyşdyrylyş çäresine 100-e golaý çaga, şol sanda aýratyn bilime mätäçligi bolan çagalar hem gatnaşdy.

Galaxy Corporation tarapyndan berlen beýanata görä, bu künjek diňe bir tehnologiýa meýdançasy bolman, eýsem adamlar bilen robotlaryň aýdym-saz, oýunlar we janly çäreler arkaly özara gatnaşyk etjek medeni giňişligidir. Kompaniýa geljekde bu taslamany Birleşen Arap Emirliklerinde hem giňeltmegi göz öňünde tutýar.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 08:18
1.6k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......