Kamera bilen Gemini-si bar: internetde Samsung Galaxy Glasses akylly äýnekleriniň suratlary peýda boldy

  • 15.05.2026 11:35
  • 3.4k+

Internetde Samsung Galaxy Glasses akylly äýnekleriniň suratlary peýda boldy. Android Headlines tarapyndan çap edilen ýokary hilli renderlere görä, enjam daşky görnüşi boýunça nusgawy Ray-Ban äýneklerini ýatladýar, ýöne onuň gapdallarynda surat we wideo düşürmek üçin ýörite kameralar ýerleşdirilipdir.

Äýnekler Google Gemini emeli aňy bilen üpjün edilen Android XR platformasynda işlär. Enjamda hiç hili ekran göz öňünde tutulman, dolandyryş diňe ses bilen amala aşyrylar. Ulanyjy sesli buýruklar arkaly ýazgylary terjime edip, howa maglumatyny alyp, sowallaryna jogap tapyp we surata alyp biler.

Habar berilişine görä, enjam Qualcomm Snapdragon AR1 prosessory, 155 mAs göwrümli akkumulýator we 12 MP durulygyndaky Sony IMX681 sensorly kameralar bilen üpjün ediler. Şeýle-de, onda Wi-Fi we Bluetooth modullary göz öňünde tutulypdyr.

Galaxy Glasses äýnekleriniň bahasynyň 379 dollardan 479 dollara çenli bolmagyna we şu ýylyň dowamynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Kompaniýa 2027-nji ýylda enjamyň has kämilleşen, ýagny microLED-displeýli görnüşini hem hödürläp biler.


düýn 10:51
857

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......