Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

  • 15.05.2026 17:43
  • 3.8k+

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

66 ýaşly hünärmen bilen baglaşylan öňki ylalaşyk 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ahyryna çenli niýetlenipdi.

Italiýaly hünärmen 2025-nji ýylyň tomsunda Braziliýanyň ýygyndysynyň ýolbaşçylygyna geçdi. Onuň tälimçilik etmeginde topar ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Toparlaýyn tapgyrda braziliýalylar Marokkonyň, Gaitiniň we Şotlandiýanyň ýygyndylary bilen oýnar. Tälimçiniň mundan öňki iş ýeri Ispaniýanyň «Real Madrid» kluby bolupdy.

Ançelotti taryhda Ýewropanyň iň güýçli bäş milli çempionatynyň her birinde ýeňiji bolan ilkinji tälimçidir. Şeýle-de, italiýaly hünärmen tälimçi hökmünde Çempionlar ligasynda gazanan ýeňişleriniň sany boýunça rekord eýesi — ol öz toparlaryny bäş gezek çempionlyga ýetirdi.

Ançelotti Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (2022) we Halkara futbol federasiýasynyň (2024) wersiýalary boýunça ýylyň tälimçisi diýlip ykrar edildi. Şeýle hem, hünärmen Italiýanyň çempionatynyň (2001, 2004) we Fransiýanyň çempionatynyň (2013) netijeleri boýunça bu baýraga mynasyp bolupdy. Ançelotti italýan futbolynyň, «Milanyň» we «Romanyň» şöhrat zallaryna girizildi.


düýn 22:49
3k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......