Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

  • 16.05.2026 09:58
  • 8.4k+

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli demir ýol ulgamynyň esasy bölegine öwrüldi.

Menziliň gurluşygy 2018-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli dowam etdi. Bu döwür içinde 2 million kub metrden gowrak beton we 360 müň tonnadan gowrak polat sarp edildi. Desganyň eýeleýän meýdany takmynan 170 sany futbol meýdançasyna ýa-da iki sany Watikan döwletiniň çägine barabardyr.

Stansiýada jemi 29 sany demir ýol şahasy we 15 sany platforma hyzmat edýär. Ýurduň iň esasy ýokary tizlikli ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän bu menzil her gün ýüzlerçe müň ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir.

Çunsin şäherinde şeýle uly ulag merkezini gurmak baradaky karar 2011-nji ýylda, demir ýol ulgamy seljerilenden soň kabul edilipdi. Şäheriň amatly geografik ýerleşişi ony ýurduň iň esasy geçelgeleriniň birine öwürmäge mümkinçilik berdi.

Otly menziliniň binagärligi we içki gurluşy döwrebap aeroportlary ýatladýar. Bu usul häkimiýetleriň ýurt içindäki uçar gatnawlaryna alternatiwa hökmünde ýokary tizlikli demir ýol ulagyny ösdürmek syýasaty bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda Çunsinden paýtagt Pekine ýa-da Şanhaýa çenli ýol otly bilen bary-ýogy 6 sagat töweregi wagt alýar.

Şeýle hem, bu ägirt uly toplumyň çäginde umumy meýdany 270 müň kwadrat metrden gowrak bolan myhmanhanalar, restoranlar, ofisler we söwda merkezleri ýerleşýär.


düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......