«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

  • 16.05.2026 12:10
  • 3.4k+

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi.

Bäsleşigiň birinji ýarym finaly 13-nji maýa — çarşenbe gününe geçilýän gije tamamlandy. Final üçin 10 sany ýollama ugrunda 15 ýurduň wekilleri bäsleşdi.

Birinji saýlama tapgyrdan bäsleşigiň esasy faworitleri: Finlýandiýadan skripkaçy Linda Lampenius we aýdymçy Pete Parkkonen dueti, şeýle hem Gresiýadan Akylos üstünlikli geçmegi başardy. Olardan başga-da, Ysraýylyň, Moldowanyň, Şwesiýanyň, Horwatiýanyň, Litwanyň, Polşanyň, Serbiýanyň we Belgiýanyň wekilleri finala çykdy.

Ikinji ýarym final bolsa 15-nji maýa — anna gününe geçilýän gije geçirildi. Sahnada ýene-de 15 döwletiň wekilleri çykyş edip, finalyň soňky on orny ugrunda bäsleşdi. Ses bermegiň netijeleri boýunça finalçylaryň ikinji toparyna Ukrainanyň, Awstraliýanyň, Daniýanyň, Albaniýanyň, Bolgariýanyň, Kipriň, Maltanyň, Norwegiýanyň, Rumyniýanyň we Çehiýanyň wekilleri girmegi başardy.

Şunlukda, 17-nji maýa — ýekşenbe gününe geçilýän gije boljak bäsleşigiň aýgytlaýjy tapgyrynda jemi 25 döwletiň wekilleri çykyş eder: her ýarym finaldan 10 sany ýeňiji, bäsleşigi kabul edýän ýurt Awstriýa, şeýle hem «Uly dörtlüge» girýän ýurtlar — Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa we Fransiýa.


25.06.2026 14:59
7.2k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

22.06.2026 23:12
4.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.4k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......