Piter Jekson Spilbergiň «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamyny düşürer

  • 15.05.2026 11:13
  • 1.3k+

Meşhur režissýor Piter Jekson «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamynyň üstünde işleýändigini we ssenariýany Fren Uolş bilen bilelikde ýazýandygyny habar berdi.

Režissýor bu taslama barada Kann kinofestiwalynyň dowamynda geçirilen «Rendez-Vous» duşuşygynda gürrüň berdi. Jeksonyň aýtmagyna görä, ssenariýanyň üstündäki işler hatda onuň Kann şäherindäki sapary wagtynda hem dowam edýär.

Jekson mundan ozal Stiwen Spilberg bilen özara ylalaşandyklaryny ýatlatdy. Şol ylalaşyga görä, birinji filmi Spilberg, ikinjisini bolsa Jekson düşürmelidi. 2011-nji ýylda Spilberg «Tintiniň başdan geçirmeleri: «Ýekeşahyň» syry» atly filmi çykardy we onda Jekson prodýuser hökmünde çykyş edipdi.

«Tintiniň başdan geçirmeleri» belgiýaly suratkeş Erženiň komiksler seriýasyna esaslanýar. Filmiň baş gahrymany Tintin atly habarçy bolup, ol Milu atly iti bilen bilelikde dürli syrly wakalary yzarlaýar.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Jekson näme üçin «Ýüzükleriň hökümdary: Gollumyň awy» filminiň režissýory bolmandygyny we bu işi näme sebäpden Endi Serkise tabşyrandygyny düşündirip şeýle diýdi:

– Bu Gollumyň psihologiýasy we onuň bagly taraplary baradaky içgin hekaýatdyr. Bu Gollumyň şahsy durmuşy barada. Endi bu gahrymany hemmelerden gowy tanaýar. Bu filmiň iň gyzykly görnüşi diňe Endi Serkis düşüren ýagdaýynda emele geler.

79-njy Kann kinofestiwalynyň açylyş dabarasynda režissýora hormatly «Altyn palma şahasy» gowşuryldy. Sylagy oňa «Ýüzükleriň hökümdary» trilogiýasynda Frodo Begginsiň keşbini janlandyran Elýa Wud gowşurdy.


şu gün 08:26
270

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
929

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....