Indi balyklaryň hem öz emeli aňy bar: täze akwarium olary tanaýar we iýmitlendirýär

  • 16.05.2026 11:07
  • 3k+

Dangbei kompaniýasy emeli aňyň kömegi bilen balyklara awtomatıkı usulda gözegçilik edýän «Smart Fish Tank 2S Ultra» akylly akwariumyny hödürledi.

Ulgam suratyň üsti bilen balyklaryň görnüşini, ululygyny we sanyny kesgitleýär. Ondan soňra iýmitlendirmegi, ýagtylandyrmagy, suw akymyny we zyýansyzlandyrmagy awtomat sazlaýar. Şeýle hem enjam suwuň hiline dowam edip duran wagtda gözegçilik edýär we näsazlyk ýüze çykanda ulanyja habar berýär.

Bu akylly akwarium ýokary tehnologiýaly süzgüç ulgamy bilen enjamlaşdyrylan bolup, ol gury we çygly zonalary özara bölýär hem-de mineral we biologik arassalaýyş, şeýle hem ultramelewşe şöhleler arkaly zyýansyzlandyrmak mümkinçiliklerini özünde jemleýär.

Süzgüçlerde suwdaky ammiak we nitritleri netijeli aýyrmaga kömek edýän aktiwleşdirilen kömür we nanopor materiallary ulanylýar. Suwuň kadaly aýlanyşygyny bolsa her biri sagatda 350 litre çenli öndürijilige eýe bolan iki sany güýçli sorujy üpjün edýär. Şunda ulgamyň ses derejesi 30 dB-den geçmeýär.

Akwarium ösümlikler we bezeg balyklary üçin amatly bolan 380–730 nm diapazonly 45 sany ýagtylyk diody bilen üpjün edilip, 180 güne çenli iýmit ätiýaçlygyny saklaýan awtomat iýmitlendiriji arkaly işini dowam etdirýär.

Ulanyjylar enjamy Wi-Fi we Bluetooth baglanyşyklary arkaly uzakdan dolandyryp bilýärler. Tok üpjünçiligi USB-C porty arkaly amala aşyrylýar, zerur bolan halatynda bolsa akwariumy daşarky akkumulýatordan hem işletmek mümkindir. Umumy göwrümi 32 litre deň bolan bu akwariumyň korpusy dury aýnadan berk görnüşde ýasalan.

Takmynan 83 ABŞ dollar bahaly enjamyň satuwy geçen aý başlady.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......