4.3k+

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi başlandy

3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler...

7.4k+

Toyota çekiçkelle akula äheňinde Aqua hetçbegini çykardy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada dört ýyl mundan ozal görkezilen Aqua hetçbeginiň ikinji nesliniň täzelenen görnüşini hödürledi. Awtoulag Yaris we Yaris Cross modelleri bilen umumy bolan TNGA-B platformasynda guruldy...

1.9k+

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy programmistler üçin Grok Code Fast 1 modelini hödürledi

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tizlige we işjeňlige gönükdirilen programmirlemek üçin Grok Code Fast 1 emeli aň modelini hödürledi. Model täze arhitektura esaslanýar we giň maglumatlar toplumy bilen okadyldy. Bu işde taýýar çözgütler, programmirleme boýunça meseleler we kody üýtgetmek üçin hakyky ýüz tutmalar ulanyldy...

18k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik asma köprüsini 96 sany ýük ulagy bilen synagdan geçirdiler

Hytaýda Guýçžou welaýatynyň Huaszýan Uly kanýonynyň üstünden geçýän täze asma köpriniň soňky synaglary tamamlandy. Gurluş 625 metr belentlikde ýerleşýär we uzynlygy 2980 metrdir. Bu köpri Lýuçži we Anlun etraplaryny birleşdirýär we  kanýonyň üstünden geçmegiň wagtyny 1 sagat bolanlygyndan 1 minut 30 sekunda çenli gysgaldýar...

4.2k+

Xiaomi aşa gyzyp, ot alma töwekgelçiligi sebäpli 150 müň töweregi pauerbankyny yzyna ýygnaýar

Xiaomi kompaniýasy 2024-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlary aralygynda öndürilen 147000 töweregi daşky PB2030MI akkumulýatorlarynyň köpçülikleýin yzyna ýygnalýandygyny habar berdi. Enjamlar potratçylaryň biriniň öndüren, ekstremal temperaturada synagdan geçip bilmedik we käbir ýagdaýlarda çenden aşa gyzýan, ot alýan ýa-da ýarylýan, 126280 belgili 2,0 batareýa bilen iberilipdi...

14k+

Iň gymmat ýaşaýyş jaýlary bolan şäherleriň sanawy düzüldi

Ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy bütin dünýäde ýokarlanýar, ýöne käbir şäherlerde bu ösüş aýratyn göze ilýär. Esasy sebäbi - boş ýeriň ýetmezçiligi hem-de öýlere we jaýlara bolan islegiň ýokary bolmagy. Birnäçe megapolislerde ýaşaýyş jaýynyň ortaça bahasy maşgalanyň ýyllyk girdejisinden 10, 12 we hatda 14 esse ýokarydyr...

6k+

Hloýa Mal Vogue žurnalynyň baş redaktory boldy. Bu wezipede ol Anna Wintury çalyşdy

Vogue amerikan žurnalynyň täze baş redaktory Hloýa Mal boldy. Ozal Mal žurnalyň baş saýtynyň – Vogue.com-yň redaktory wezipesini eýeleýärdi. Saýtdan daşary 2022-nji ýyldan bäri Mal Britaniýada çykýan Vogue-nyň ýolbaşçysy Çioma Nnadi bilen bilelikde žurnalyň “The Run-Through with Vogue” podkastyny alyp barýardy...

5.8k+

Hytaý dünýäde iň güýçli deňiz ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaýyň Dongfang Electric kompaniýasy 26 megawatt kuwwaty bolan dünýäde iň güýçli deňiz ýel turbinasyny oturtdy. Bu barada Interesting Engineering neşiri habar berýär. Mundan ozal Daniýanyň kenarynda oturdylan kuwwaty 21,5 megawat bolan Siemens Gamesa turbinasy öňdeligi eýeleýärdi, emma Hytaýyň täze taslamasy bu görkezijiden ýokary boldy...

4.9k+

Türkmenistanyň Türkiýäki ilçisi Erzurum welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi M.Işangulyýew Erzurum welaýatynyň häkimi Mehmet Sekmen bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň barşynda taraplar oba hojalyk, senagat, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlaryny öz içine alýan sebitara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar...

2.6k+

Disney “Buz eýýamy 6-nyň” çykjak senesini yglan etdi

Orlandoda geçirilen Destination D23 çäresinde Disney-iň prodýuserleri “Buz eýýamy: Gaýnama nokady” multfilminiň ilkinji görkeziljek senesini yglan etdiler. Film 2027-nji ýylyň 5-nji fewralynda görkeziler diýip, Variety habar berýär...

2.8k+

Apple akylly sagatlaryň üpjünçiligi boýunça Huawei-den yza galdy

2025-nji ýylyň II çärýeginiň jemi boýunça Huawei ilkinji gezek akylly sagatlaryň üpjünçiligi boýunça Apple-den öňe geçip, dünýäde birinji orna çykdy. Bu barada Counterpoint Research statistikasy habar berýär. Hytaý bazary kompaniýanyň global üpjünçiliginiň 8% ösüşini üpjün edip, bu netijä ýetmekde möhüm orun eýeledi...

5.6k+

Awgust aýynda dünýäde iň gymmatlan harytlar belli boldy

Awgust aýynyň jemi boýunça dünýä bazarlarynda has gymmatlan haryt kofe boldy. Bu barada ICE Futures, CME Group biržalarynyň we Şanhaýyň metal biržasynyň maglumatlaryna salgylanyp, “RIA Nowosti” habar berýär. Robusta kofesiniň bahasy bir aýda 1,5 esse, arabika kofesiniň bahasy bolsa 29% ýokarlandy...

5.2k+

Alymlar Atlantika ummanynda mega ýertitremeler zolagyny açdylar

Atlantika ummanynda güýçli ýertitremelerine we sunamilere sebäp bolup biljek tektoniki jaýryklar emele gelýär diýip, Nature Geoscience  žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar. Alymlar Portugaliýanyň litosfera plitalaryndaky belli jaýryklardan uzakda ýerleşýändigini, ýöne bu ýurtda ýertitremeleriniň ençeme gezek hasaba alnandygyny ýatlatdylar...

1.4k+

Disney jadylaýyş ukyplary bolan ýetginjek hakda täze multfilm çykarar

Orlandoda D23 Destination-niň tanyşdyrylyş dabarasynda Walt Disney Animation Studios  “Hexed”  (“Jadylanan” (“Заколдованный”)) atly özboluşly animasiýa filmini taýýarlaýandygyny habar berdi. Onuň ilkinji görkezilişini 2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, Deadline habar berýär...

4.2k+

Sirk möwsümi başlaýar: Türkmenistanyň Döwlet sirki “Görogly” atly täze sirk çykyşyna çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsüme başlaýar we täze sirk şüweleňlerine tomaşa etmäge çagyrýar. Tomaşaçylara Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirki we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde “Görogly” şadessanyndan sahnalaşdyrylan “Görogly” atly  sirk çykyşy hödürleniler...

14k+

CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistandan utuldy

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler Kubogynyň ikinji tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndysyna garşy oýnady. Duşuşyk Daşkentdäki «Olimpiýa» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy...

8.9k+

Teýlor Swiftiň adaglanmagy gymmat bahaly daşlaryň bazarynyň ösüşine itergi berdi

Aýdymçy Teýlor Swift bilen amerikan futbolynyň oýunçysy Trewis Kelsiniň adaglanmagy göwherleriň bazaryna uly täsir etdi diýip, The Wall Street Journal habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, 26-njy awgustda, adaglanmanyň yglan edilen güni Signet Jewelers we Brilliant Earth zergärlik kompaniýalarynyň paýnamalary, degişlilikde, 3% we 26% ýokarlandy...

12k+

Türkiýede tilki derisini geýen adamyň 8000 ýyllyk heýkeli tapyldy

Arheologlar Türkiýede bir adamyň toýundan ýasalan uly bolmadyk heýkeljigini tapdylar. Bu artefaktyň ýaşy, takmynan, 8000 ýyl töweregi diýip, DHA habarlar gullugy habar berdi. Dokuz santimetrlik heýkel Izmir welaýatynyň Kemalpaşa etrabynyň Ulujak depesinden tapyldy...

3.9k+

Prints for Wildlife taslamasy 2025-nji ýyldaky iň oňat ýabany tebigatyň suratlaryny görkezdi

Prints for Wildlife  taslamasynyň guramaçylary 2025-nji ýylyň täze çap edilen surat albomyna girizilen, ýabany tebigatyň iň gowy suratlaryny hödürlediler. Prints for Wildlife taslamasy maliýeleşdirmegiň kemeldilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolan milli seýilgählere we dürli daşky gurşawy goramak programmalaryna serişde toplamak üçin eýýäm birnäçe ýyl bäri çap edilen suratlary goýberýär...

4.3k+

Beýik Britaniýada şokoladyň tagamyny güýçlendirýän saz döredildi

Beýik Britaniýada diňläniňde şokoladyň süýji tagamyny has güýçlendirýän saz döredildi diýip, New York Post habar berýär. Bristol uniwersitetinden kompozitor we ses boýunça hünärmen Natali Hiasint soňky 60 ýylda sazyň tagam duýgularyna ýetirýän täsiri baradaky ylmy gözlegleri öwrendi...

11k+

Dünýäde iň uly aýsberg bolan A23a tomusda üç bölege bölündi

Dünýäde iň uly aýsberg A23a tomusda, takmynan, 1000 inedördül kilometr ýitirip, üç bölege bölündi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berýär. Institutyň maglumatlaryna görä, bir wagtyň özünde meýdany 60-dan 300 inedördül kilometre çenli bolan üç uly bölek bölündi – aýsberg öz meýdanynyň, takmynan, 36%-ini ýitirdi...