YHG ýurtlary Türkmenistanyň bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek baradaky başlangyjyny goldady

  • 27.02.2026 09:35
  • 1.5k+

25-nji fewralda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda serhetýaka we sebit söwdasyny işjeň ulanmak arkaly agza ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Söwda üçin amatly gurşawy döretmäge we ylalaşylan artykmaçlyklar hem-de ileri tutulýan ugurlar ulgamy arkaly sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmegiň tehniki-ykdysady esaslandyrma barlagyny geçirmek meselesine hem seredildi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň bu ugurdaky tejribesi, hususan-da, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda işe girizilen bilelikdäki söwda zolagynyň ähmiýeti barada maglumat berildi. Netijede, Sekretariat tarapyndan degişli taslamanyň taýýarlanmagynyň esasynda tehniki-ykdysady esaslandyrma barlagyny geçirmek teklip edildi.
YHG-yň Hemişelik wekilleriniň geňeşi bu teklibi goldady.
Ýakyn wagtda Guramanyň Sekretariaty türkmen tarapynyň başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça taslamany taýýarlamaga girişer.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......