Ronaldu Ispaniýanyň ikinji diwizionynyň iň gowy klublarynyň birinde paý satyn aldy

  • 26.02.2026 23:52
  • 13k+

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu «Almeriýa» futbol klubunyň paýnamalarynyň 25 göterimine eýe boldy. Ol bu paýy özüniň CR7 Sports Investments kompaniýasy arkaly satyn aldy. Şertnamanyň maliýe taraplary barada giňişleýin maglumat berilmeýär.
«Futbola meýdançadan daşary goşant goşmagy köpden bäri arzuw edýärdim. «Almeriýa» berk binýady we ösüş üçin aýdyň mümkinçilikleri bolan ispan klubudyr. Klubuň ösüşiniň indiki tapgyryny goldamak üçin onuň ýolbaşçylary bilen bilelikde işlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» — diýip, klubuň metbugat gullugy Ronaldunyň sözlerini getirýär.
Alty ýyldan gowrak wagt bäri «Almeriýa» klubuny Saud Arabystanyndan bolan maýadarlar gözegçilikde saklaýar. Klubuň häzirki prezidenti Mohamed Al-Hereýji kluby 2025-nji ýylda Turki Al aş-Şeýhden (häzirki wagtda Saud Arabystanynyň Baş dynç alyş-güýmenje edarasynyň başlygy) satyn alypdy.
Häzirki möwsümde «Almeriýa» Ispaniýanyň çempionatynyň ikinji diwizionynda — Segundada çykyş edýär. 27 oýundan soň topar 48 utuk toplap, ýaryş jedwelinde üçünji orny eýeleýär we elita diwizionyna çykmak ugrundaky pleý-off zolagynda galýar. «Almeriýa» soňky gezek La Ligada 2023/24 möwsüminde oýnapdy.
2022-nji ýylyň dekabrynda Ronaldu Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby bilen şertnama baglaşdy. Ol ähli ýaryşlarda klub üçin 127 oýna gatnaşyp, 111 gol geçirdi we 22 assist etdi. Iýun aýynda Ronaldu «Al-Nasr» bilen bahasy 400 million dollardan gowrak bolan täze şertnama gol çekdi. Ylalaşyk 2027-nji ýylyň 26-njy iýunyna çenli hereket edýär.


şu gün 18:20
754

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

şu gün 11:10
6.2k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 23:57
3.3k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
11k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......