Ýeňilmezekleriň söweşi: Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani absolýut çempionlyk ugrunda duşuşarlar

  • 26.02.2026 09:40
  • 6.5k+

Boks äleminiň iň garaşylýan duşuşyklarynyň biri tassyklandy: ýaponiýaly meşhur boksçylar Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani ikinji iň ýeňil agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony diýen at ugrunda ringe çykarlar. Bu taryhy söweş 2-nji maýda Tokiodaky meşhur Tokyo Dome arenasynda geçiriler.

Bu duşuşykda Inoueniň eýelik edýän WBA, WBC, IBF, WBO we The Ring žurnalynyň çempionlyk guşaklary orta goýlar.
Iki pälwan hem bu duşuşyga şöhratly ýol bilen gelýärler: olaryň hersiniň hasabynda 32 ýeňiş bolup, entek hiç haçan ýeňlip görmediler. Häzirki guşaklaryň eýesi Inoue, agram derejesine bagly bolmazdan (P4P) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde ikinji orny eýeleýär. Ol 32 ýeňşiniň 27-sini nokaut bilen gazandy. Bu söweş «Monstr» üçin soňky bir ýylyň içinde dördünji uly synag bolar.

Onuň bäsdeşi Dzýunto Nakatani hem ejiz pälwan däl — ol eýýäm üç dürli agram derejesinde dünýä çempiony bolmagy başardy. Hasabynda 24 nokaut bolan Nakatani, 2025-nji ýylyň ahyrynda ikinji iň ýeňil agram derejesine geçipdi. Bu söweş onuň täze agram derejesindäki ikinji synagy bolar.


30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....