Premýer-ministr Modi Instagram-da 100 milliondan gowrak agzasy bolan ilkinji syýasatçy boldy

  • 27.02.2026 00:08
  • 9.7k+

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi dünýäde Instagram-da 100 million agza görkezijisinden geçen ilkinji syýasatçy boldy.
«The Times of India» neşiriniň ýazmagyna görä, dünýä liderleriniň arasynda agzalarynyň sany boýunça ikinji orunda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp durýar. Onuň akkauntyny 43 milliondan gowrak ulanyjy yzarlaýar. Üçünji orny bolsa Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto eýeleýär — oňa 15 million ulanyjy agza boldy.
Modi Instagram sosial ulgamynda öz sahypasyny 2014-nji ýylda döretdi. Habar çykan wagty hindi premýer-ministriniň akkauntynda 1209 sany post bardy.
Instagram-da agzalaryň sany boýunça rekord portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu degişlidir — oňa 671 milliondan gowrak ulanyjy agza boldy. 2024-nji ýylda ol sosial ulgamlarda jemi 1 milliard agza görkezijisinden geçen taryhda ilkinji adam boldy. Onuň Instagram, Facebook, X, YouTube, Kuaishou we Weibo ulgamlarynda şahsy sahypalary bar.


08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....

18.05.2026 12:41
4.3k+

Batgalykdaky Lotos: Hindistan yklymyň esasy howa menzili merkezleriniň birini gurýar

Mumbaýyň taryhy merkezinden takmynan 40 kilometr uzaklykda ýerleşýän batgalyk ýerde ägirt uly Nawi-Mumbaý howa menziliniň gurluşygy dowam edýär....