Batgalykdaky Lotos: Hindistan yklymyň esasy howa menzili merkezleriniň birini gurýar

  • 18.05.2026 12:41
  • 4.3k+

Mumbaýyň taryhy merkezinden takmynan 40 kilometr uzaklykda ýerleşýän batgalyk ýerde ägirt uly Nawi-Mumbaý howa menziliniň gurluşygy dowam edýär.

Zaha Hadid Architects tarapyndan taslanan howa menziliniň taslamasy Hindistanyň milli güli bolan lotos şekilinde bolar.

Mumbaýyň köne howa menziline düşýän agramy ýeňletmek üçin niýetlenen bu ägirt uly howa merkeziniň gurluşygyny bäş tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär we onuň 2030-njy ýyllarda tamamlanmagyna garaşylýar. Soňky tapgyrda ikinji ugurdaş uçuş-gonuş zolagyny, ýene üç terminaly we goşmaça ýük göterijilik kuwwatyny işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Aziýanyň iň uly merkezleriniň biriniň gurluşygy deňsiz-taýsyz inženerçilik kynçylyklaryny döretdi, sebäbi bu ýer kenarýakada, batgalyklaryň we mangr jeňňellikleriniň arasynda ýerleşýär. Gurluşykçylar 92 metr beýiklikdäki daşdan Ulwe depesini gözegçilikli partlamalar arkaly doly tekizlemeli boldular. Netijede alnan dag jynsyny batgalyk topragy berkitmek üçin ýeriň derejesini alty metr beýgeltmek üçin ulanyldy.

Mundan başga-da, inženerler goňşy obalary suw joşmasyndan goramak üçin bu ýerden akýan derýanyň ugruny üýtgedip, ony 25 metrden 200 metre çenli giňeltdiler.

2025-nji ýylyň dekabrynda, ýedi ýyllyk gurluşykdan soň, taslamanyň birinji tapgyry açyldy we ol ýylda 20 million ýolagça hyzmat edip bilýär. Esasy terminal özboluşly binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýar: binanyň içine on iki sany gülýaprak şekilli sütünler şöhle saçýar, egri polat üçegi bolsa musson ýagyşlaryndan goraýar.

Häzirki wagtda obýektde ulag infrastrukturasynyň gowşaklygy we demir ýol hyzmatynyň ýokdugy sebäpli kynçylyk çekilýän bolsa-da, Trans Harbour Link köprüsiniň açylmagy ony eýýäm şäher bilen baglanyşdyrdy


25.06.2026 20:02
7.4k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

20.06.2026 19:55
12k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...