Alýumin bägül, goňur wafli... Jacquemus we Nike üýtgeşik reňkli krossowkalary hödürleýär

  • 26.02.2026 05:32
  • 3k+

Jacquemus we Nike brendleri bahar möwsümi üçin Jacquemus x Nike Moon Shoe SP krossowkalarynyň täze reňklerini çykardy. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär.

Aýakgabyň dizaýny 1972-nji ýylyň taryhy modeline esaslanýar. Täze toplumda «Mylaýym merjen», «Goňur fauna» we «Alýumin bägül» atly üç sany reňk görnüşi hödürlenýär. Krossowkalar matadan taýýarlanyp, olaryň reňkine laýyk gelýän mahmal goşundylar köwüşleri has gelşikli we göze ýakymly görkezýär.
Ak deri bilen işlenen Swoosh logotipi dizaýnyň üstüni ýetirýär. Jacquemus brendiniň emblemasy bolsa aýakgabynyň dilinde we arkasynda ýerleşdirilipdir. Bu model özüne mahsus bolan goňur reňkli, «wafli» nagyşly daban bölegi bilen tapawutlanýar.


29.01.2026 17:21
4.8k+

Nike «Gaty geň zatlara» bagyşlanan täze krossowka toplumyny çykardy

Nike brendi we «Gaty geň zatlar» filmi özleriniň iň soňky bilelikdäki önümini — basketbol sport aýakgabynyň «Air Foamposite One» modelini tanyşdyrdylar. HypeBeast neşiriniň habar bermegine görä, gyzyl-gara öwüşginli bu krossowkalar 13-nji fewralda satuwa çykarylar...

26.01.2026 11:38
3.7k+

Aýagynda Air Max 95: Blackpink-däki Lisa Nike-ň täze ambassadory boldy

Blackpink keý-pop toparynyň agzasy Lisa Nike markasynyň täze ambassadory boldy. Taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip,  Hypebae neşiri habar berýär. Ýaňy-ýakynda Lisa Parižde aýagyna Air Max 95 krossowkasyny geýip, köpleriň ünsüni çekdi, bu täze hyzmatdaşlygyň ilkinji alamatlary hökmünde kabul edildi...

18.01.2026 15:44
6.6k+

Kim Kardaşýan we Nike bilelikdäki aýakgap kolleksiýasyny hödürledi

Skims brendiniň esaslandyryjysy Kim Kardaşýan Nike kompaniýasy bilen Air Rift modeliniň esasynda döredilen ilkinji bilelikdäki aýakgap kolleksiýasyny hödürledi. Täzelenen wersiýa NikeSkims Rift Mesh adyny aldy...

düýn 15:37
4.1k+

Matematika moda aýlawynyň her 20 ýyldan gaýtalanýandygyny tassyklady

Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň alymlary geýimlerdäki moda tendensiýalarynyň, hakykatdanam, her 20 ýyldan gaýtalanyp durýandygyny anykladylar. Bu netije matematiki modele we 1869-njy ýyldan bäri zenan......