Kim Kardaşýan we Nike bilelikdäki aýakgap kolleksiýasyny hödürledi

  • 18.01.2026 15:44
  • 6.6k+

Skims brendiniň esaslandyryjysy Kim Kardaşýan Nike kompaniýasy bilen Air Rift modeliniň esasynda döredilen ilkinji bilelikdäki aýakgap kolleksiýasyny hödürledi.

Täzelenen wersiýa NikeSkims Rift Mesh adyny aldy. Modeliň iki bölekden ybarat burunly dizaýny Skims-iň stiline laýyklykda minimalistik görnüşde ýerine ýetirildi. Esasy tehniki üýtgeşmeler tikinsiz gurluş we rahatlyk üçin ýumşak ökje bölegi boldy.
Kolleksiýa Kardaşýanyň markasy üçin mahsus reňklerde ýerine ýetirildi. Alyjylara üç görnüş elýeterli bolar: klassyk gara, goýy mele we goýy goňur. Her jübüt aýakgap saklamak üçin mata haltajygy bilen ýörite gaplamada hödürlenýär.
Kolleksiýanyň resmi relizi 26-njy ýanwara meýilleşdirilýär. Bir jübüt aýakgabyň bahasy 150 dollar. 


26.02.2026 05:32
3.1k+

Alýumin bägül, goňur wafli... Jacquemus we Nike üýtgeşik reňkli krossowkalary hödürleýär

Jacquemus we Nike brendleri bahar möwsümi üçin Jacquemus x Nike Moon Shoe SP krossowkalarynyň täze reňklerini çykardy. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Aýakgabyň dizaýny 1972-nji ýylyň taryhy modeline esaslanýar...

29.01.2026 17:21
4.9k+

Nike «Gaty geň zatlara» bagyşlanan täze krossowka toplumyny çykardy

Nike brendi we «Gaty geň zatlar» filmi özleriniň iň soňky bilelikdäki önümini — basketbol sport aýakgabynyň «Air Foamposite One» modelini tanyşdyrdylar. HypeBeast neşiriniň habar bermegine görä, gyzyl-gara öwüşginli bu krossowkalar 13-nji fewralda satuwa çykarylar...

26.01.2026 11:38
3.7k+

Aýagynda Air Max 95: Blackpink-däki Lisa Nike-ň täze ambassadory boldy

Blackpink keý-pop toparynyň agzasy Lisa Nike markasynyň täze ambassadory boldy. Taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip,  Hypebae neşiri habar berýär. Ýaňy-ýakynda Lisa Parižde aýagyna Air Max 95 krossowkasyny geýip, köpleriň ünsüni çekdi, bu täze hyzmatdaşlygyň ilkinji alamatlary hökmünde kabul edildi...

16.04.2026 22:53
1.6k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....