Aýagynda Air Max 95: Blackpink-däki Lisa Nike-ň täze ambassadory boldy

  • 26.01.2026 11:38
  • 3.6k+

Blackpink keý-pop toparynyň agzasy Lisa Nike markasynyň täze ambassadory boldy. Taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip,  Hypebae neşiri habar berýär.
Ýaňy-ýakynda Lisa Parižde aýagyna Air Max 95 krossowkasyny geýip, köpleriň ünsüni çekdi, bu täze hyzmatdaşlygyň ilkinji alamatlary hökmünde kabul edildi.

Lisanyň aýtmagyna görä, ol ýaşlyk ýyllarynda Nike Dunks krossowkasyny satyn almak üçin yhlas bilen pul ýygnapdyr. Şol sebäpli hem aýdymçy bu hyzmatdaşlygyň özi üçin aýratyn şahsy ähmiýetiniň bardygyny belleýär. Şeýle-de, onuň islegi, geýinmek medeniýeti arkaly ähli zenanlary özboluşly görünmäge çagyrmakdyr.
Nike bilen hyzmatdaşlygyň çäginde, Lisa täze diňleýji köpçüligini özüne çekmegi hem-de herekete, köçe stiline we sporta bolan gyzyklanmany artdyrmagy meýilleşdirýär.


şu gün 05:32
2.1k+

Alýumin bägül, goňur wafli... Jacquemus we Nike üýtgeşik reňkli krossowkalary hödürleýär

Jacquemus we Nike brendleri bahar möwsümi üçin Jacquemus x Nike Moon Shoe SP krossowkalarynyň täze reňklerini çykardy. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Aýakgabyň dizaýny 1972-nji ýylyň taryhy modeline esaslanýar...

01.02.2026 12:19
1.9k+

Adidas brendi Bob Marlä bagyşlanan sport aýakgaplar toplumyny taýýarlaýar

Adidas brendi dünýä belli ýamaýkaly sazanda Bob Marlä we onuň futbola bolan söýgüsine bagyşlanan ýörite krossowka toplumyny çykarar. Topluma AdiZero Evo SL, Handball Spezial we SL72 modelleri girer. AdiZero Evo SL modeli — Adidas-yň 2025-nji ýyldaky iň göze ilýän ylgaw aýakgaplarynyň biri bolup, ol 2026-njy ýylda täzelenen dizaýnda dolanyp geler...

29.01.2026 17:21
4.8k+

Nike «Gaty geň zatlara» bagyşlanan täze krossowka toplumyny çykardy

Nike brendi we «Gaty geň zatlar» filmi özleriniň iň soňky bilelikdäki önümini — basketbol sport aýakgabynyň «Air Foamposite One» modelini tanyşdyrdylar. HypeBeast neşiriniň habar bermegine görä, gyzyl-gara öwüşginli bu krossowkalar 13-nji fewralda satuwa çykarylar...

18.01.2026 15:44
6.5k+

Kim Kardaşýan we Nike bilelikdäki aýakgap kolleksiýasyny hödürledi

Skims brendiniň esaslandyryjysy Kim Kardaşýan Nike kompaniýasy bilen Air Rift modeliniň esasynda döredilen ilkinji bilelikdäki aýakgap kolleksiýasyny hödürledi. Täzelenen wersiýa NikeSkims Rift Mesh adyny aldy...