Nike brendi we «Gaty geň zatlar» filmi özleriniň iň soňky bilelikdäki önümini — basketbol sport aýakgabynyň «Air Foamposite One» modelini tanyşdyrdylar. HypeBeast neşiriniň habar bermegine görä, gyzyl-gara öwüşginli bu krossowkalar 13-nji fewralda satuwa çykarylar.
Önümiň takmyny bahasy 250 dollar bolar.
Aýakgap gyzyl we gara reňkleriň utgaşmasynda dizaýn edilen. Onuň daş sypaty serialdaky parallel dünýäni — «Çöwre ýeri» ýatladýar. Ýokary böleginiň gara reňki kem-kemden gyzyla öwrülýär, krossowkanyň ýüzündäki narynç zigzaglar bolsa ýyldyrym uçgunlaryny şekillendirýär.
Toplumyň içinde kinonyň äheňine laýyk gelýän ýörite aksessuarlar hem bar.
Aýakgabyň dilindäki, içindäki we ökjelerindäki logotipler tersine öwrülen. Bu usul mundan ozalky bilelikdäki önümlerde hem ulanylypdy (Stranger Things x Nike Dunk Low). Ol «Çöwre ýeriň» aýna şekillidigini alamatlandyrýar.
«Gaty geň zatlar» serialynyň iň soňky bölümi 2025-nji ýylyň 31-nji dekabrynda ekranlara çykdy. Şondan soňra internetde serialyň gizlin dowamynyň bardygy barada çaklamalar peýda boldy. Tomaşaçylaryň köpüsi serialyň ahyrynda käbir wakalary üýtgetjek ýene bir bölümiň boljagyna çyny bilen ynandylar. 
Ol çaklama görä, hemmeleriň soňlama hökmünde kabul eden wakalary aslynda Weknanyň döreden bir hyýaly illýuziýasy bolmaly.
7-nji ýanwarda, ýagny täze bölümiň çykjakdygy çak edilen günde, tomaşaçylaryň köpçülikleýin «Netflix» platformasyna girmegi hyzmatyň işinde bökdençlikleriň döremegine sebäp boldy.

Nike «Gaty geň zatlara» bagyşlanan täze krossowka toplumyny çykardy
- şu gün 17:21
- 968