Raşid Meredow Londonda Edinburg gersogy şazada Edward bilen duşuşdy

  • 26.02.2026 12:28
  • 3.2k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Edinburg gersogy şazada Edward bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek meselelerini maslahatlaşdy. Duşuşyk 25-nji fewralda Beýik Britaniýanyň DIM-iniň Lankaster-haus binasynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar döwletara gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşdy we bilim hem-de medeniýet ulgamlaryndaky ösüşleri aýratyn belledi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň şazada Edwardyň gatnaşmagynda geçirilen iş günortanlygynyň dowamynda köptaraplaýyn dialog üçin «Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa» formatyndaky ilkinji ministrler duşuşygynyň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmen wekiliýeti syýasy we ykdysady ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Türkmenistanda iňlis dilini we britan medeniýetini wagyz etmäge aýratyn üns berildi. Taraplar bilim we akademik alyş-çalyşlaryň, şol sanda «Chevening» maksatnamasynyň netijeliligini belläp geçdi.
Üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysallary hökmünde Aşgabatda Uilýam Şekspiriň ýadygärliginiň oturdylmagy, Ceilidh şotland tanslarynyň agşamynyň guralmagy, şeýle hem BBC teleýaýlymy tarapyndan Köpetdagyň alajagaplaňlary baradaky dokumental filmiň taýýarlanmagy bellenildi.


düýn 22:20
5.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......