23-25-nji fewral aralygynda Germaniýanyň Halle şäherinde Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirildi. Çäreleriň meýdançasy hökmünde Germaniýanyň «Leopoldina» milli ylymlar akademiýasynyň ştab-kwartirasy hyzmat etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Forum ylym, barlaglar we innowasiýalar ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Çäräniň çäginde Germaniýanyň Ylmy barlaglar, tehnologiýalar we kosmonawtika federal ministrliginiň döwlet sekretary Markus Plaýeriň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi.
Taraplar Z5+1 formatynda ylym, barlaglar we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Bilelikdäki beýannama gol çekdi. Türkmenistanyň adyndan resminama ýurduň Germaniýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi B. Rejepow gol çekdi.
Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň bilim pudagynda gazanan üstünliklerini belledi.
Germaniýanyň Medeniýet geňeşiniň wise-prezidenti Manfred Nawrot Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleriniň ähmiýetini nygtap, Nusaý, Goňurdepe we Merw ýaly taryhy ýerleri aýratyn nygtady.
Şeýle-de, gatnaşyjylar akademiki elýeterlilik, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we ýaş alymlary goldamak meselelerini maslahatlaşdy.
Germaniýada Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirildi
- şu gün 09:47
- 596
