Toyota Ýaponiýada RAV4-iň iň kuwwatly nusgasyny hödürledi

  • 26.02.2026 16:09
  • 4.3k+

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda 2026-njy ýylyň modeli bolan RAV4 krossoweriniň tokdan zarýad alýan gibrid (PHEV) görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täze nusga adaty öz-özüni zarýadlaýan gibridlere alternatiwa bolup hyzmat edýär we modeliniň häzirki hataryndaky iň güýçli wersiýasy bolup durýar.

Güýç beriji ulgamyň tehniki aýratynlyklary 2,5 litrlik hereketlendiriji esasynda guralandyr. Ulgamyň umumy kuwwaty 329 at güýjüne deň bolup, awtomobil diňe elektrik energiýasy bilen 150 km çenli ýol geçip bilýär. Bu modeliň esasy aýratynlygy — iki taraplaýyn energiýa geçiriş ulgamydyr. Ol ulagyň akkumulýatoryny daşarky elektrik enjamlaryny tok bilen üpjün etmek üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.
Krossower iki sany premium görnüşde hödürlenýär we olaryň her biri doly çekiji (AWD) ulgamy bilen üpjün edilendir. Bahalary barada aýtsak, Z toplumynyň bahasy 6 million ýena (38,5 müň dollar), GR Sport nusgasynyň bahasy bolsa 6,3 million ýena (40 müň dollar) hökmünde bellenildi.


şu gün 01:38
4.8k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.4k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......