Luwruň müdiri wezipesinden boşadyldy, onuň ornuny Wersal köşgüniň öňki ýolbaşçysy eýeledi

  • 25.02.2026 21:37
  • 3.4k+

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Lorans de Karyň wezipesinden gitmegi sebäpli, Kristof Leribony Luwruň täze ýolbaşçysy edip belledi. Al Arabiya neşiriniň ýatladyp geçişi ýaly, bu karar 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda muzeýde bolup geçen ägirt uly ogurlygyň täsiri bilen kabul edildi.

De Kar wezipesinden gitmek baradaky gelen netijesini Le Figaro neşirine düşündirende, özüniň bu wezipede galmagynyň «muzeýi özgertmek we döwrebaplaşdyrmak ugrundaky bökdençlikleri aradan aýyrmaga mümkinçilik bermeýändigini» mälim etdi. Döwlet baştutany bolsa onuň işden gitmek baradaky haýyşyny «jogapkärçilikli ädim» diýip atlandyrdy.
Prezident de Kara soňky ýyllardaky zähmeti we işine bolan wepalylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň ylmy abraýyna esaslanyp, Makron oňa täze işi –  Fransiýanyň G7 guramasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde agza ýurtlaryň iň iri muzeýleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek wezipesini hödürledi.
Dört aý öň Luwrda imperatorlyk kolleksiýasyndan dokuz sany gymmatlyk, şol sanda imperator Napoleona we onuň aýaly, imperator zenan Žozefina degişli bolan şaý-sepler ogurlanypdy. Jenaýatyň ýetiren zyýanynyň bahasy 88 million ýewro diýlip kesgitlenilýär.
Täze müdir Kristof Leribo mundan öň Wersal köşgüniň ýolbaşçysy wezipesinde işledi. Ol sungat taryhy boýunça doktor we XVIII–XIX asyrlaryň fransuz sungaty boýunça hünärmendir.
Soňky bolup geçen wakalardan çen tutup, Emmanuel Makron muzeýiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hem-de «Luwr — Täze Galkynyş» maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

 


düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 08:06
1.8k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

10.06.2026 08:53
3.5k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......