Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny amala aşyrmagyň netijelerini we geljegini maslahatlaşdy

  • 26.02.2026 18:13
  • 1.5k+

25-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda BMG bilen hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.
Çäre gibrid görnüşde bolup, oňa DIM-iň ýolbaşçylary we işgärleri, beýleki ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, şeýle hem BMG-niň ýurtdaky Hemişelik utgaşdyryjysy we guramanyň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Duşuşykda 2025-nji ýylda alnyp barlan bilelikdäki işleriň jemleri jemlendi we 2026-njy ýyl üçin meýilnamalar maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar gazanylan esasy üstünliklere, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ösüşe baha bermäge ýardam edýän Umumy ýurt seljermesiniň netijelerine seretdi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň ýurduň BMG bilen özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän strategik resminamadygyny belledi. Maksatnama BMG we onuň agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyň berk binýadyny döredip, Türkmenistanyň sebit we ählumumy derejedäki ornuny berkitmäge ýardam edýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen Halkara forum bilelikdäki esasy başlangyçlaryň biri boldy.
Geljekde BMG bilen hyzmatdaşlyk parahatçylyk, ekologiýa, durmuş ösüşi we halkara gatnaşyklaryny berkitmek ýaly milli ileri tutulýan ugurlara gönükdiriler.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......