Dünýäde iň köp ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň reýtingi düzüldi

  • 26.02.2026 12:29
  • 9.9k+

Dünýäde şeker çiňriginiň ýygnalyşy tas iki milliard tonna ýetdi, bu bolsa ony planetanyň iň köp öndürilýän oba hojalyk ekini edýär diýlip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) habarynda aýdylýar.

Guramanyň 2024-nji ýyl üçin statistiki maglumatlaryna görä, bu ekiniň ýyllyk önümçilik göwrümi 1,94 milliard tonna deňdir.
Ählumumy reýtingde ikinji orny 1,22 milliard tonna görkeziji bilen mekgejöwen eýeleýär.
Ondan soňra degişlilikde 820 we 798 million tonna ýygnalyş göwrümi bilen tüwi we bugdaý gelýär. Esasy önümleriň sanawyny dünýä önümçiligi 294 million tonnadan aşan gant şugundyry jemleýär.
Şeker çiňriginiň we soýanyň iň iri öndürijisi hökmünde Braziliýa çykyş edýär.
Bugdaý ösdürip ýetişdirmekde Hytaý, Hindistan we Russiýa öňdebaryjy orunlary eýeleýärler.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary mekgejöwen öndürmekde liderligini saklaýar, bu hasylyň ep-esli bölegi biogary we iým öndürmäge gönükdirilýär. Hususan-da, Aýowa ştaty tutuş Meksikadan üç esse köp mekgejöwen öndürýär.
Soýa ösdürip ýetişdirmek boýunça esasy kuwwatlyklar Hytaýda, ABŞ-da, Argentinada, Braziliýada we Paragwaýda jemlenendir.


11.06.2026 13:44
3.8k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

04.06.2026 12:34
5.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.5k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......