Türkmenistanyň Prezidenti meýdan we gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

  • 14.04.2026 14:07
  • 8.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlarda alnyp barylýan häzirki oba hojalyk we gurluşyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Welaýatlaryň ýolbaşçylary ekiş möwsüminiň barşy barada hasabat berdi. Meýdanlarda bugdaýa ideg etmek — dökünler bilen iýmitlendirmek we suwarmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişi, şeýle hem ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Pile öndürmek işine hem aýratyn üns berilýär.

Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, sebitlerde ýangynlaryň öňüni almak maksady bilen, meýdanlary sürmek we çäkleri arassalamak işleri geçirilýär.

Şeýle hem şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy barada habar berildi.

Iş maslahatynyň jemleri boýunça döwlet Baştutany agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegini üpjün etmegi, gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamagy we oba hojalyk ekinlerine ideg edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, Prezident welaýatlardaky desgalaryň gurluşygynyň hiline we möhletlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......