Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

  • 27.04.2026 23:33
  • 11k+

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynyň merkezinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, bugdaý we gowaça ekinlerine ideg etmek, şeýle hem ýurduň welaýatlarynda durmuş-ykdysady ösüşiň milli maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler durdy.

Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri meýdanlarda alnyp barylýan häzirki işler barada hasabat berdi. Welaýat ýolbaşçylarynyň hasabatlaryna görä, häzirki wagtda bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, şol sanda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, öňde duran galla oragy möwsümine hem işjeň taýýarlyk görülýär: galla kabul ediş nokatlaryny, elewatorlary, kombaýnlary we bugdaý daşaýan awtoulaglary taýýar etmek boýunça zerur çäreler geçirilýär.

Şeýle-de, gowaça ekişi dowam edýär, eýýäm ekilen meýdanlarda bolsa gögeriş suwy tutulýar. Gögeriş alnan ýerlerde häzirki zaman tehnikalarynyň kömegi bilen hatarara bejergi, ýekelemek we haşal otlara garşy göreşmek işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, welaýat ýolbaşçylary ýüpek gurçuklaryna ideg etmek möwsüminiň barşy we şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly binalaryň gurluşygynyň depginleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer T.Atahallyýew öz hasabatynda agrosenagat toplumyndaky ähli işleriň toplumlaýyn alnyp barylýandygyny tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ylmy esasly agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň bol hasyl almagyň esasy şertidigini belledi. Döwlet Baştutany häkimlere gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamagy we galla oragyna ýokary hilli taýýarlyk görmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem gurluşyk işleriniň ýokary hilli we wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmek barada görkezme berildi.

Prezident oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetdäki we azyk bolçulygyny pugtalandyrmakdaky möhüm ornuna aýratyn ünsi çekip, wise-premýere bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin degişli düzümleriň işini utgaşdyrmagy tabşyrdy.


düýn 15:48
4.2k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......