Täze at bilen öňki smartfon: Samsung kompaniýasy Galaxy S26 seriýasyny hödürledi

  • 26.02.2026 12:43
  • 8.2k+

25-nji fewral agşamy geçirilen «Galaxy Unpacked» tanyşdyrylyşynda Samsung kompaniýasy resmi taýdan özüniň täze flagman seriýasyny — Galaxy S26-ny hödürledi. Bu hatara üç model: Galaxy S26, S26+ we S26 Ultra girdi. Biz mundan ozal ekrany «ýaşyrýan» Ultra wersiýasy barada habar beripdik, bu synda bolsa esasy ünsi Galaxy S26 we S26+ modellerine gönükdireris.
Iki model hem biri-birine meňzeş dizaýna eýe bolup, olar geçen ýylky flagmanlardan kän bir tapawutlanmaýar. Galaxy S26 modeli 6,3 dýuýmlyk, S26+ bolsa 6,7 dýuymlyk ekran bilen üpjün edildi. Smartfonlarda 1-den 120 Gs-e çenli täzelenme ýygylygy bolan Dynamic AMOLED 2X displeýleri we Gorilla Glass Armor 2 gorag aýnalary ulanyldy. Esasy wersiýanyň durulygy Full HD+, S26+ modeliniňki bolsa QHD+.

Smartfonlar One UI 8.5 örtügi bolan Android 16 ulgamynda işleýär. Kompaniýa azyndan ýedi ýyllap ulgam we howpsuzlyk täzelenmelerini wada edýär. Galaxy S26 we S26+ modellerinde Exynos 2600 prosessory oturdyldy. Operatiw ýat 12 GB, içki ýat bolsa 256 GB-den başlanýar.


Akkumulýatorlaryň sygymy: Galaxy S26-da 4300 mA·sag, S26+ modelinde bolsa 4900 mA·sag. Simli zarýad beriş ulgamy, degişlilikde, 25 Wt we 45 Wt, simsiz zarýad bolsa 15 we 20 Wt kuwwaty goldaýar. Enjamlarda MagSafe ýaly magnit analogy ýok.
Iki modeliň hem esasy kamerasy üç moduldan ybarat: 50 Mp (esasy), 10 Mp (üç esse zum bilen telefoto) we 12 Mp (giňburçly). Frontal kamera 12 Mp. Smartfonlar sekuntda 30 kadr tizlikde 8K we 120 kadr tizlikde 4K wideo ýazyp bilýär.
Programma üpjünçiligi barada aýdylanda, Galaxy AI funksiýalaryna, şol sanda Perplexity gözleg kömekçisiniň ulgam programmalary bilen birleşdirilmegine aýratyn üns berildi.
Smartfonlar bilen bilelikde Galaxy Buds 4 we Buds 4 Pro TWS-gulaklyklary hem hödürlendi. Pro-wersiýasy gulagyň içine girýän gurluşa, kämilleşdirilen işjeň ses basyş ulgamyna we IP57 standarty boýunça goraga eýe boldy. Buds 4 bolsa açyk gurluşly bolup, IP54 goragyna eýedir. Zarýad saklaýyş möhleti gutujygy bilen bilelikde, degişlilikde, 24 we 26 sagada ýetýär.


Bahalar we satuwyň başlanmagy:

  • Samsung Galaxy S26 — €1000-dan başlanýar
  • Samsung Galaxy S26+ — €1250-dan
  • Samsung Galaxy S26 Ultra — €1450-dan
  • Galaxy Buds 4 — €180
  • Galaxy Buds 4 Pro — €250

Satuw 11-nji martda başlanar.


23.05.2026 10:37
4.4k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

18.05.2026 01:22
2.7k+

Samsung kompaniýasynyň täzeligi: geljekki smartfonlar gologrammalary äýneksiz görkezip bilerler

Samsung smartfonlar üçin golografik displeý tehnologiýasy boýunça içerki barlaglary geçirýär, bu tehnologiýa ulanyjylara ýörite äýnekleri ulanmazdan, üç ölçegli suratlary görmäge mümkinçilik berer....

15.05.2026 15:33
1.6k+

Samsung smartfonlarynda push-mahabatlary akylly usulda bloklaýan ulgam ornaşdyryldy

Samsung kompaniýasy Device Care goşundysyny täzeledi we oňa push-bildirişlerindäki spam hem-de mahabatlar bilen awtomatiki göreşmek üçin niýetlenen "Intelligent Blocking" funksiýasyny goşdy....