Älemdäki iň uly ýyldyzlaryň biri partlamaga taýýarlanýar

  • 26.02.2026 12:40
  • 6k+

Älemde mälim bolan iň äpet ýyldyzlaryň biri — WOH G64 — düýpli üýtgeşmelere sezewar boldy. Alymlaryň pikirine görä, bu ýyldyzyň ömri tamamlanyp barýar. Afiny milli obserwatoriýasynyň hünärmeni Gonsalo Munýosa-Sançesiň ýolbaşçylygyndaky barlag topary şeýle netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri Nature Astronomy žurnalynda çap edildi.

Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, 2014-nji ýylda WOH G64 ýyldyzy gyzyl supergigant tapgyryndan seýrek duş gelýän sary gipergigant fazasyna geçdi. Bu bolsa ýyldyzyň öz daşky gatlaklaryny işjeň ýagdaýda ýitirip, gysylyp we gyzyp başlandygynyň alamatydyr. Şeýle hadysalar diňe äpet ýyldyzlaryň ewolýusiýasynyň iň soňky tapgyrlaryna mahsusdyr.
WOH G64 ýyldyzy Uly Magellan Buludynda ýerleşýär we ol 1970-nji ýyllarda açyldy. Onuň radiusy Günden takmynan 1500 esse uly, emma ýaşy 5 million ýyldan hem az diýlip çaklanylýar. 2024-nji ýylda ol Akmaýanyň ýolundan daşarda ýerleşip, Örän Uly Teleskopyň (VLT) interferometri arkaly jikme-jik surata düşürilen ilkinji ýyldyz boldy. Şol suratlarda ýyldyzyň öz massasyny ýitirendigini tassyklaýan dykyz tozan pillesi aýdyň ýüze çykaryldy.
Alymlar bu üýtgeşmeleriň ýyldyzyň goňşy ýyldyz bilen özara täsirleşmegi ýa-da geljekki äpet täze ýyldyz (supernowa) partlamasyna taýýarlygy bolmagynyň mümkindigini belleýärler. Partlamanyň anyk haçan boljakdygy belli däl, emma muňa şaýat bolmak diňe bir ajaýyp galaktikaara tomaşa bolmak bilen çäklenmän, eýsem ylym dünýäsi üçin iň uly açyşlaryň biri bolar.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...