Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

  • 09.03.2026 14:06
  • 13k+

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi.

Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi. Meteorit jaýyň ýatylýan otagyna düşdi. Hernä, edil şol wagt otagda hiç kim ýok ekeni.

Polisiýa wekilleri Hunsrýuk hem-de Aýfel daglyk sebitlerinden hem şuňa meňzeş şikaýatlaryň gelip gowuşandygyny aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, meteoritiň bölekleri şol ýerdäki jaýlaryň üçeklerine-de düşüp, zeper ýetiren bolmaly.

Germaniýanyň Aşaky Saksoniýa, Gessen, Saar we Demirgazyk Reýn-Westfaliýa ýaly köp sanly günbatar sebitleriniň ýaşaýjylary asmandaky bu güýçli ýagtylyk hadysasyny synladylar we onuň wideolaryny hem-de suratlaryny jemgyýetçilik torlarynda paýlaşdylar. Kaýzerslautern şäheriniň polisiýa gullugynyň aýdyşy ýaly, käbir ýaşaýjylar ilkibaşda asman jisimine raketadyr öýdüp, ýalňyş kabul edipdirler.

Hukuk goraýjy edaralary waka sebäpli hiç hili howply ýagdaýyň bolmandygyny tassyklaýarlar. 


17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

09.06.2026 07:41
11k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

18.04.2026 23:36
4.3k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...