Pes yşyklandyryşda görejiň kiçelmegi köpçülikleýin şowakörlüge getirýär

  • 26.02.2026 12:35
  • 5.5k+

​XXI asyrda şowakörlügiň köpçülikleýin ýaýramagyny şu wagta çenli köpler ekrana seredilýän wagtyň artmagy — ilki kompýuterler, soňra bolsa smartfonlar we planşetler bilen baglanyşdyrýardylar. Emma täze ylmy barlaglar bu aýdylanlara garşy çykyp, meseläni adamlaryň ýaşaýan ýapyk binalaryna mahsus bolan pes yşyklandyryş şertlerinde gözüň dowamly dartylmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

​Cell Reports žurnalyndaky makalada aýdylmagyna görä, göz göreji daralan wagty gözüň torly gatlagyna (setçatka) düşýän ýagtylygyň ýetmezçiligi patologiýanyň ösmegine itergi berýär.
​Barlagçylar kitap ýa-da smartfon ýaly ýakyn zatlara üns berlen wagty, şekiliň aýdyňlygyny gazanmak üçin ynsan gözüniň görejiniň daralýandygyny anykladylar. Yşyklandyryş derejesi daşarky gurşawdan ep-esli pes bolan binalaryň içinde torly gatlaga ýeterlik mukdarda ýagtylyk tolkunlary düşmeýär.
​Mesele diňe bir ýagtylygyň derejesinde däl, eýsem gözüň ýakyndaky zadyň aýdyň şekilini almaly bolýandygyndadyr. Şol bir wagtyň özünde, agşamyna binalaryň içindäki yşyklandyryş seýrek ýagdaýda bir inedördül metre onlarça wattdan geçýär. Gündizine bolsa bu görkeziji ýüz wattdan hem aşak düşüp bilýär (diwarlar günüň esasy şöhlesiniň öňüni bekleýär).
​Işiň awtorlary soňky iki million ýylyň dowamynda ynsan gözüniň garaňkyda ýakyn obýektlere yzygiderli seretmäge uýgunlaşyp ýetişmändigini belleýärler.
​Alymlar görüş ukybynyň peselmeginiň öňüni almak üçin multifokal linzalary ýa-da göz görejiniň daralmagyna jogap berýän myşsalary bloklaýan atropin damjalaryny ulanyp gördüler. Alternatiw usul bolsa — ýönekeýje açyk howada wagt geçirmek we uzaklara seretmek maslahat berilýär. Emma häzirki zaman durmuş ýörelgesi bu usuly yzygiderli ulanmagy kynlaşdyrýar.
​Ilkinji synaglaryň dowamynda bu çaklamanyň tassyklanmagyna garamazdan, hünärmenler gutarnykly netijeler çykarmak üçin giň gerimli tejribeleriň geçirilmeginiň zerurdygyny nygtaýarlar.

 


09.06.2026 23:14
6.9k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....