Londonda Türkmenistan bilen Britaniýanyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryna seredildi

  • 26.02.2026 22:40
  • 5.1k+

25-nji fewralda Londonda Türkmenistanyň wekiliýeti Britaniýanyň abraýly uniwersitetleriniň, degişli guramalaryň we halkara bilim kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew wekilçilik etdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Duşuşyklar Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň iş saparynyň çäginde boldy.
Saparyň meýilnamasy Britan muzeýine (British Museum) baryp görmekden başlandy, bu bolsa bilim hyzmatdaşlygynyň ynsanperwerlik ugrunyň ähmiýetini we akademiki däplere bolan gyzyklanmany görkezdi.
Saparyň dowamynda London uniwersitet kollejiniň Bilim institutynyň (University College London, Institute of Education) wekilleri, şeýle hem mekdep bilimi we halkara bilim hyzmatdaşlygy ulgamynyň bilermenleri bilen gepleşikler geçirildi.
London uniwersitet kollejiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda bilim ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek, strategik meýilnamalaşdyryşyň seljeriş gurallaryny ösdürmek we dolandyryjy kadrlary taýýarlamak meseleleri maslahatlaşyldy. Bilim özgertmeleriniň netijeliligine baha bermäge we okuw maksatnamalaryny zähmet bazarynyň zerurlyklaryna görä uýgunlaşdyrmaga aýratyn üns berildi.


Kembrij (Cambridge) bilim maksatnamalarynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň çäginde britan nusgasyndaky halkara mekdep üçin usulyýet goldawyny bermek we hili üpjün etmek ulgamyny ýola goýmak meselelerine seredildi. Okuw meýilnamalaryny düzmegiň ýollary, okatmagy guramak, okuwçylaryň bilimini bahalandyrmak, mugallymlary taýýarlamak we olara ýol görkezmek, şeýle hem bilimiň hiline içerki we daşarky gözegçilik gurallary maslahatlaşyldy.
Duşuşyklaryň netijeleri boýunça taraplar gepleşikleri dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygyň iş ýüzündäki ugurlaryny mundan beýläk-de işläp düzmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Mundan ötri, duşuşyklarda iňlis dilinde okatmagy ösdürmäge, halkara sertifikatlaşdyryş ulgamyna we bilimde hil medeniýetini ýola goýmaga aýratyn üns berildi.
Oxford EMI wekilleri bilen geçirilen duşuşykda iňlis dilinde okatmagyň modeli boýunça mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak maksatnamalary maslahatlaşyldy. Synag taslamasyny durmuşa geçirmek, soňra onuň netijeliligine baha bermek we ölçegli netijeler gazanylan ýagdaýynda ony giňeltmek mümkinçiliklerine seredildi.
Pirson (Pearson) kompaniýasynyň ştab-kwartirasyndaky gepleşikler Türkmenistanda halkara sertifikatlaşdyryş ulgamyny döretmek we synag infrastrukturasyny ösdürmek bilen bagly boldy. Taraplar Certiport we Pearson VUE ugurlaryny işe girizmek, şeýle hem mekdep ulgamynda britan hünär derejelerini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy. Tehniki talaplary we durmuşa geçirmegiň möhletlerini görkezmek bilen, anyk teklipleri taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy.
Beýik Britaniýanyň ýokary bilimiň hilini üpjün etmek boýunça agentliginiň (Quality Assurance Agency for Higher Education, QAA) wekilleri bilen ESG standartlary, akkreditirlemek amallary, resminamalara we bilim maksatnamalarynyň gözegçiligine bildirilýän talaplar öwrenildi. Şeýle hem uniwersitetleriň dolandyryş we akademiki kadrlarynyň hünärini ýokarlandyrmagyň görnüşleri, şol sanda webinarlar we maslahat beriş goldawlary arkaly amala aşyrmak meseleleri maslahatlaşyldy.
Aýratyn duşuşyk Wellington britan görnüşli halkara mekdepleriniň modelini öwrenmäge bagyşlandy. Azat Ataýew halkara mekdepler we ählumumy hyzmatdaşlyk boýunça bilermen Mark Labowiç bilen dolandyryş, akademiki standartlar, mugallymlary saýlap almak we kämilleşdirmek, şeýle hem hili durnukly üpjün etmegiň gurallary baradaky meseleleri maslahatlaşdy.
Iş sapary Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň hyzmatdaşlygyň iş ýüzündäki tapgyryna geçmäge we bilim ulgamyny uzak möhletleýin döwrebaplaşdyrmagyň çäginde anyk netijeleri gazanmaga ygrarlydyklaryny tassyklady.


06.04.2026 23:51
3.9k+

M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ekologiýa bilen saglygyň özara baglanyşygy maslahatlaşyldy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan «Ekologiýa abadançylygy — eşretli ertiriň kepili» atly......

04.04.2026 06:15
15k+

Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw mekdebine täze rektorlar bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurduň iki sany ýokary okuw mekdebiniň rektorlary çalşyldy....

24.03.2026 17:56
4.1k+

Türkmenistanda «Geljegiň hünärleriniň atlasy» neşir edildi

Türkmenistanda Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» atly gollanma neşir edildi. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çykaryldy. Bu atlas Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky 1570-nji Karary bilen tassyklanan Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda işlenip düzüldi...

23.03.2026 13:18
13k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine Begli Ataýew bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze rektoryny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. TDH-niň habar bermegine görä, bu wezipä Begli Baýrammyradowiç Ataýew bellenildi. Döwlet...