Aşgabat — Mary we Aşgabat — Baýramaly awtobus gatnawlary täze nokatdan ugrar

  • 26.02.2026 18:09
  • 10k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabatdan Mary we Baýramaly şäherlerine gatnaýan şäherara awtobus gatnawlarynyň ugraýan ýeriniň üýtgeýändigini habar berýär. Bu üýtgeşme 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan güýje girer.
Görkezilen seneden başlap, agzalan ugurlar boýunça awtobuslar Aşgabadyň Halkara awtomenzilinden däl-de, Awtokombinat belleniş nokadyndan ugrar.
Awtokombinat ugraýyş nokady Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşýär. Iki ugur boýunça hem awtobuslaryň gatnawy gündelik amala aşyrylar.
Kompaniýanyň habarynda bellenilmegine görä, bu üýtgetmeler ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan islegini kanagatlandyrmak we hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler bilen baglanyşyklydyr.
Goşmaça maglumat almak üçin bellenilen telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: +99361-49-34-95 we 44-35-20.


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 20:02
7.4k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......