Maltada dünýäniň iň uzyn şokolad otlusy guruldy: 55 metr

  • 26.02.2026 19:01
  • 9.5k+

​Maltada kakaonyň ysy gelýän, süýji-şeker dükanlarynyň witrinasy ýaly lowurdaýan we şol bir wagtyň özünde resmi taýdan dünýä rekordy hökmünde ykrar edilen otly peýda boldy. Gürrüň taryhdaky iň uzyn şokolad otlusy barada gidýär.

​Maltaly şokolad aşpezi Endrýu Farrujiýa, uzynlygy 55,27 metr bolan şokolad heýkelini döredip, üçünji gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Deňeşdirmek üçin: bu adaty olimpiýa basseýninden (50 m) hem uly diýmekdir.
​Skulptura köne döwrüň otlusy görnüşinde ýerine ýetirilen bolup, bir lokomotiwden we 22 wagondan ybaratdyr. Her wagonyň agramy 160 kilograma çenli ýetýär we dolulygyna belgiýa şokoladyndan ýasalypdyr.
​Taslamanyň üstündäki iş takmynan bir ýarym ýyl dowam etdi. Takmynan bir ýyl taýýarlyga we taslamalaşdyrmaga, ýene dört aý bolsa önümçiligiň özüne sarp edildi. Şokolady guýmazdan ozal, aşpez ähli elementleriň toýun modellerini el bilen ýasady. Umumylykda, takmynan 5 müň detal ýonulyp ýasaldy, soňra bolsa olar uly aşpezler topary tarapyndan bir bitewi gurluşa ýygnaldy.
​Taslama şol bir wagtyň özünde bilim beriş äheňli hem boldy: ony döretmäge Maltanyň we Italiýanyň aşpezlik mekdepleriniň talyplary gatnaşdy. Farrujiýanyň özi Syýahatçylyk barlaglary institutynda aşpezlik sungatyndan we şokolad aşpezliginden ders berýär, rekordy bolsa institutyň we ýurduň geljegine goşant diýip atlandyrýar.
​Iň töwekgelçilikli tapgyr transportirlowka boldy. Äpet ölçegleri sebäpli, otlyny her bir detalyny üns bilen gaplap, bölekleýin Milana äkitmeli boldy. Netijede, ähli bölekler hiç hili zeper ýetmezden baryp ýetdi.
​Işdä açyjy görnüşine garamazdan, otly iýmit üçin ýaramsyzdyr. Şokoladyň bir bölegi talyplary okatmak üçin gaýtadan erediler, galan bölegi bolsa haýwanlara iým bolar.


düýn 10:59
6.6k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
4.9k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.9k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....