Nýu-Ýorkda robotlara gar arassalatdylar

  • 26.02.2026 23:40
  • 5.2k+

Nýu-Ýorkdaky adatdan daşary güýçli ýagan gar hatda robotlaryň hem ellerine pil bermäge mejbur etdi.

Öň hem habar berşimiz ýaly, ABŞ-nyň demirgazyk-gündogaryna ýagan garyň galyňlygy 40-dan 90 santimetre çenli ýetdi, ulag ýollary ýapylyp, uçuş gatnawlary saklanyldy. Şunlukda galyň garyň döreden bökdençligi sebäpli Reflex Robotics kompaniýasy özüniň kömekçi robotlaryny gar arassalamak işlerine uýgunlaşdyrmak kararyna geldi. Inženerler robotyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynyň öňünde pil bilen gary nähili arassalaýandygyny we gary nädip we nirä üýşürmelidigine düşunýändigini görkezýän wideoşekilli pursatlary paýlaşdylar.
Reflex kompaniýasy durmuş üçin peýdaly robotlary döretmek bilen tanalýar. Mundan ozal olar agaç ussahanalarynda işleýän we ammarlarda harytlary gaplaýan robotlary hödürläpdiler.
Bu robotyň gurluşy tigirlerdäki hereketli binýatdan we esasa berkidilen göwreden ybaratdyr. Bu ulgam elleriň we datçikleriň dinamiki usulda ýokary-aşak süýşmegine mümkinçilik berýär. Şeýle gurluş enjamyň ýokary manýowrlylygyny we dürli belentlikdäki zatlara el ýetirip bilmegini üpjün edýär. Robot hatda darajyk ýerlerde-de özüniň ýokary derejedäki  çalasynlygyny görkezip bilýär.
Tehnologiýalaryň ösmegi bilen Reflex roboty has özbaşdak bolup barýar. Ýakyn wagtda bu robot boýunça adamyň orny oňa diňe gözegçilik edip we käbir aýratyn ýagdaýlarda goşulmakdan aňry geçmez diýlip garaşylýar. Häzirki wagtda şeýle robotlaryň ikisine bir adamyň gözegçilik etmegi ýeterlikdir.
Robotyň tanyşdyrylyş dabarasy 2024-nji ýylda ABŞ-da geçirilen sergide bolupdy. Şonda ol tekjelerden harytlary özbaşdak alyp bilmegi bilen sergä gelenlerde uly täsir galdyrypdy.


17.06.2026 08:18
1.6k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

15.06.2026 12:29
1.3k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

03.06.2026 10:42
1k+

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....

21.05.2026 09:37
965

Eliň bilen ýasa: Singapurda adampisint roboty ýygnamak üçin ýörite toplum çykaryldy

Singapuryň Menlo Research kompaniýasy açyk kodly adampisint roboty el bilen gurnamak üçin niýetlenen «Asimov» atly täze toplumy tanyşdyrdy. Tehnologik toplumyň bahasy takmynan 15 müň dollara barabar....