Eliň bilen ýasa: Singapurda adampisint roboty ýygnamak üçin ýörite toplum çykaryldy

  • 21.05.2026 09:37
  • 942

Singapuryň Menlo Research kompaniýasy açyk kodly adampisint roboty el bilen gurnamak üçin niýetlenen «Asimov» atly täze toplumy tanyşdyrdy. Tehnologik toplumyň bahasy takmynan 15 müň dollara barabar.

Bu taslama adaty ulanyjylar üçin taýýar önüm däl-de, eýsem robototehnika muşdaklary, inženerler we ylmy barlagçylar üçin niýetlenen ýörite synag platformasydyr.

Ýygnalyp taýýar edilen robotyň boýy takmynan 1,2 metr, agramy 35 kilogram töweregi bolýar. Gurluşyň 25-den gowrak çylşyrymly bogunlary bar. Ol modully we simulýasiýa gurşawynda programmalap bolýan ulgam esasynda işlenip düzülen. Toplum alyjylara sökülen görnüşde gowşurylýar. Toplumyň içinde ony nädip gurmalydygy barada giňişleýin gollanmalar we inženerler üçin ýörite öwrediji wideoşekiller bar.

Kompaniýa bu robotyň üsti bilen hünärmenleriň öz emeli aň algoritmlerini we hereket programmalaryny has aňsat barlap biljekdiklerini belleýär.


09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......