Dünýäde täze awtoulaglaryň satuwy peseldi

  • 26.02.2026 18:49
  • 9.6k+

​2026-njy ýylyň ýanwarynda täze ýeňil awtoulaglaryň dünýä satuwy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2% azaldy we 6,63 million birligi düzdi diýip, GlobalData statistikasyna salgylanýan MSN habar berýär.

​Pese gaçyşlyk ABŞ-ny, Günbatar Ýewropany we Hytaýy öz içine alýan iň iri bazarlarda hasaba alyndy.
​Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ulaglaryň satylyşy 0,8% azalyp, 1,09 million sana düşdi, munuň sebäbini bilermenler 17 ştatdaky adatdan daşary gar ýagynlary bilen baglanyşdyrýarlar. Günbatar Ýewropa bazarynda isleg, 2025-nji ýylyň ahyryndaky bahalaryň ýokarlanmagy netijesinde 2% peselip, 986,2 müň birlige çenli düşdi.
​Hytaýda satuwlar "treýd-in" (köne ulagy täzesine çalşyrmak) subsidiýa maksatnamalaryna girizilen düzedişler we elektroulaglar üçin salgyt ýeňillikleriniň azaldylmagy sebäpli 13,5% peselip, 1,68 million awtoulag boldy.
​Russiýanyň awtobazary hem ýanwarda üç aýlyk ösüşden soň 9,5% peseliş görkezdi; satyn alnan ulaglaryň möçberi 80 604 sany boldy.
​GlobalData-nyň deslapky çaklamalaryna görä, 2026-njy ýylyň jemleri boýunça dünýä satuwynyň umumy möçberi 81 million birlige ýeter. Bu görkeziji, 91,9 million awtoulag ýerleşdirilen 2025-nji ýylyň netijelerinden 12,2% pesdir.

şu gün 08:19
1.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

şu gün 01:38
4.8k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......