Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

  • 26.02.2026 18:11
  • 2.9k+

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar maliýe-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine seretdi. Ministr Türkmenistanyň ykdysady ösüş strategiýasynyň çäginde halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge hem-de iri maliýe we karz-bank düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berýändigini belledi. Şunlukda, ýurduň ÝTÖB bilen köpýyllyk özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti nygtaldy.
Bankyň prezidenti ýolbaşçylyk edýän maliýe düzüminiň Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Gündogar–Günbatar halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalara aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy bu ugurdaky başlangyçlara gatnaşmak boýunça ÝTÖB-iň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny bildirdi.
Şeýle hem energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň arasynda görkezildi. Bu nukdaýnazardan, ÝTÖB-iň durnukly energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmak mümkinçilikleri bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi we biri-birine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......