Türkmenistan Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň sammitini kabul etmäge taýýardygyny tassyklady

  • 27.02.2026 09:36
  • 3k+

25-nji fewralda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary Martin Çungong bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşykda türkmen tarapy Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň 16-njy sammitini kabul etmäge taýýardygyny tassyklady we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Bileleşigiň ýolbaşçylygyna iberen hatlaryny gowşurdy.
Bu forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda teklip eden 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlarynyň biri hökmünde görülýär.
Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary bu başlangyç üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň sammiti geçirmek baradaky niýetini goldady. Ol 2028-nji ýylyň «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek başlangyjynyň hukugyň hökmürowanlygy, institusional durnuklylygy we inklýuziw ösüşi berkitmek boýunça ählumumy wezipelere laýyk gelýändigini belledi.
Taraplar parlamentara gepleşikleri ösdürmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň barha artýan ornuna ünsi çekdi. Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeňliginiň netijeli hyzmatdaşlyk gün tertibiniň öňe sürülmegine we parlament diplomatiýasy arkaly parahatçylygyň berkidilmegine ýardam edýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady we sammite taýýarlyk görmegiň çäginde ýakyn gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdy.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......