Günorta Koreýada çaga dogluş derejesi soňky 15 ýylda ilkinji gezek ýokarlandy

  • 27.02.2026 09:44
  • 3k+

Günorta Koreýada soňky 15 ýylyň dowamynda ilkinji gezek täze doglan çagalaryň sanynyň artandygy hasaba alyndy. «The Guardian» neşiriniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ýurtda 254 500 çaga dünýä indi, bu bolsa bir ýyl ozalky görkezijiden 6,8% köpdür.
Çaga dogluş koeffisienti 0,75-den 0,8-e çenli ýokarlanyp, 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bu derejä gaýdyp geldi.
Bu ösüşiň esasy faktory «eho-bumerler» diýlip atlandyrylýan nesil, ýagny çaga dogluşynyň gysga wagtda birden ýokarlanan döwründe, 1991–1995-nji ýyllarda doglan adamlar boldy. Häzir olar 30 ýaş töwereginde bolup, adatça çaga dogurmagyň işjeň döwrüni başdan geçirýär. Bu ýaş toparyndaky aýallaryň sany 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9% artdy.
Pandemiýadan soňra nika sanynyň täzeden artmagy we çaga dogurmak meselesine bolan garaýşyň üýtgemegi hem goşmaça täsirini ýetirdi. Nikanyň ilkinji iki ýylynda çaga dogurmagyň sany 10,2% ýokarlandy, bu bolsa är-aýallaryň çaga edinmegi gijikdirmeýändigini görkezýär.
Bu ösüşe garamazdan, ýurduň ilatynyň sany azalmagyny dowam etdirýär: ölüm derejesi dogluş derejesinden, takmynan, 109 müň adam köp boldy. Günorta Koreýa Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (OECD) agzalarynyň arasynda çaga dogluş koeffisienti 1,0-dan pes bolan ýeke-täk ýurt bolmagynda galýar. Demograflaryň bellemegine görä, «eho-bumerleriň» täsiri wagtlaýyn hadysadyr we ol 2027-nji ýyldan gowşap başlar.


düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....

23.06.2026 20:58
10k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

15.06.2026 19:47
3.5k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

15.06.2026 18:40
6.6k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......