Ýitgileriň artmagy sebäpli Aston Martin 20% işgärlerini azaltmaga mejbur bolýar

  • 26.02.2026 18:43
  • 3.4k+

Britaniýanyň meşhur sport awtoulaglaryny öndürijisi Aston Martin çykdajylary tygşytlamak maksady bilen işgärleriniň sanyny 20%-e çenli azaltmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Häzirki wagtda kompaniýada takmynan 3000 adam zähmet çekýär.

2025-nji ýylyň maliýe netijelerine görä, Aston Martin-iň arassa zyýany 363,9 million funt sterlinge (491,5 million dollar) ýetdi. Bir ýyl mundan ozal bu görkeziji 289,1 million funt sterlinge (390,3 million dollar) deňdi. Kompaniýa maliýe ýagdaýynyň peselmesini awtoulaglara bolan islegiň azalmagy, şeýle hem ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen täze import gümrük paçlarynyň oňaýsyz täsiri bilen düşündirýär.
Öndüriji bu çäklendirmeler arkaly 40 million funt sterlinge (54 million dollar) çenli serişde tygşytlamagy maksat edinýär. Işgärleriň sanyny azaltmagyň anyk möhletleri mälim edilmedi, emma kompaniýa "esasy üýtgeşmeleriň şu ýylyň dowamynda" amala aşyryljakdygyny belledi.
Mundan ozal, geçen ýylyň başynda Aston Martin eýýäm 170 sany iş ornuny azaldypdy. Ýyllyk hasabat we işgärleriň sanynyň kemeltjekdigi baradaky habarlar çap edilenden soň, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 2% peseldi.

şu gün 08:19
1.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

şu gün 01:38
4.8k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......