Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşdy

  • 26.02.2026 13:58
  • 6.5k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 25-nji fewralda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy. Çäre Patyşalygyň atçylyk gwardiýasynyň binasynda boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, özara düşünişmegi berkitmek we Merkezi Aziýa döwletleri bilen Birleşen Patyşalygyň arasyndaky dialogy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy.
Gatnaşyjylar hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda tejribe alyşmaga, şeýle hem häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmegiň gurallaryny kämilleşdirmäge aýratyn üns berdi.
Taraplar konstruktiw we özara ynanyşmaga daýanýan gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Bu hyzmatdaşlyk sebit we halkara derejesinde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilendir.


düýn 22:20
5.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......