Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa resmi sapary başlandy

  • 26.02.2026 11:22
  • 3.9k+

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna iş sapary başlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
25-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Halkara deňiz guramasynyň Baş sekretary Arsenio Dominges bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar deňiz ulagy we gämi gatnawy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy. Raşid Meredow BMG-niň degişli düzümleri bilen gatnaşyklary berkitmegiň ýurt üçin ileri tutulýan ugurdygyny nygtady. Türkmenistanyň deňizde howpsuzlygyň halkara standartlaryny ornaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işleri alyp barýandygy we transport meselelerine diňe bir milli we sebit derejesinde däl, eýsem dünýä derejesinde toplumlaýyn garamaga çagyrýandygy bellenildi.


Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy transport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe rezolýusiýalary kabul etdi. Şeýle-de, 2025-nji ýylda «Awazada» deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin geçirilen BMG-niň Üçünji Maslahatynyň hem ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tarapy durnukly we howpsuz deňiz gatnawyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Şol gün Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky «Gurluşlaýyn dialogyň» açylyş dabarasy boldy. Gepleşiklere Raşid Meredow we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministriniň parlament orunbasary Hämiş Falkoner gatnaşdy. Taraplar türkmen-britan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini belledi we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin Türkmen-britan Söwda we senagat geňeşiniň mümkinçiliklerini doly ulanmagyň zerurdygyny maslahatlaşdy. Bilim we medeniýet ulgamynda Türkmenistanyň ýurtda iňlis dilini öwretmek maksatnamalaryny giňeltmek üçin britan düzümleri bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.
Sebit howpsuzlygy barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy infrastruktura taslamalary arkaly Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmagyň möhümdigini nygtady we ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine hem-de BMG-niň Düzgünnamasyna ygrarlylygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2026-2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.


düýn 22:20
5.5k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......