Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

  • 26.02.2026 09:36
  • 2.2k+

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy. Bu hasabatda EA-nyň ykdysadyýete ýetirjek täsirleri barada "garaşylmadyk we agyr" ssenariýa beýan edilýär.

Duşenbe güni, 23-nji fewralda ABŞ-nyň esasy birža indeksleri aşaklady: Dow Jones 1,7%, S&P 500 1% we Nasdaq Composite 1,1% pese gaçdy. The Wall Street Journal neşiriniň bellemegine görä, aksiýalaryň köpçülikleýin satylmagyna Citrini Research toparynyň maýadarlary uly gorka salan duýduryşy sebäp boldy.
Resminamada 2028-nji ýylyň iýun aýyna çenli bolup biljek ýagdaýlar modelleşdirilýär. Awtorlaryň pikiriçe, EA-nyň çalt ornaşdyrylmagy zähmet bazaryny düýpli üýtgeder. Önümçiligiň ýokarlanmagy ilki başda uly üstünlik ýaly görner: kompaniýalar çykdajylaryny azaldyp, girdejileri rekord derejä ýetirerler, emme işgärleriň aýlyk haklary bolsa aşaklap başlar.
Barlagçylar munuň "zynjyrlaýyn reaksiýa" getirjekdigini duýdurýarlar: Ofis işgärleriniň işsiz galmagy sarp edijileriň islegini pese düşürer. Adamlar tygşytlamaga başlar, karz tölegleri tölenmez (defolt), bu bolsa ätiýaçlandyryş we ipoteka bazarlaryna oňaýsyz täsir eder.
Kompaniýalar işgärlerden tygşytlan serişdelerini has köp EA maýa goýarlar we bu bolsa täze iş orunlarynyň has çalt ýok bolmagyna getirer.
Bazar bu habara derrew seslendi. EA tarapyndan awtomatlaşdyrylmaga iň ejiz biznes hökmünde görkezilen DoorDash hyzmatynyň paýnamalary 6,6% peseldi. Tehnologiýa ägirtleri bolan Datadog, CrowdStrike we Zscaler 9%-den gowrak, IBM bolsa 2000-nji ýyldan bäri iň pes görkezijisini belläp, 13% pese gaçdy. Töleg ulgamlary bolan Visa, Mastercard we American Express hem 4-7% aralygynda gymmatyny ýitirdi.
Hasabatyň awtorlarynyň biri Alap Şah bazaryň beýle güýçli reaksiýa görkezmegine garaşmandyklaryny boýun aldy. Onuň sözlerine görä, ýakyn bäş ýylda zähmet bazaryndaky üýtgeşmeler emeli aňyň ABŞ-nyň ykdysadyýetine hakyky täsirini görkezýän esasy barometr bolar.


şu gün 15:48
943

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

düýn 11:05
4k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......