«Moda — bu sungat»: Met Gala 2026-nyň dress-kody yglan edildi

  • 25.02.2026 21:05
  • 3.5k+

Metropoliten-muzeýi Met Gala 2026 haýyr-sahawat balynyň mowzugynyň «Moda — bu sungat» diýlip atlandyrylýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Vogue neşiriniň habar bermegine görä, çäre 4-nji maýda Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) Condé Nast Galleries giňişliginde geçiriler.

Balyň temasy «Costume Art» sergisi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu sergi suratlar, heýkeller we beýleki sungat eserleri bilen bir hatarda modany hem öwrenýär.
Nýu-Ýorkuň Metropoliten-muzeýiniň habarynda: «Balyň dress-kody (geýiniş düzgüni) myhmanlara modany sungatyň janly görnüşi hökmünde kabul etmegi we bu sungatyň tutuş taryhynyň dowamynda geýinmek arkaly bedeniň san-sajaksyz şekillere eýe bolşuny dabaralandyrmagy hödürleýär» diýlip aýdylýar.
Kostýum institutynyň kuratory Endrýu Bolton bu taslamanyň dürli döwürlerde eşigiň beden we durmuş derejesi baradaky düşünjeleri kemala getirişini derňeýändigini belledi. Meýdançasy birnäçe tematik bölümlere, şol sanda beden baradaky nusgawy düşünjeler, «göze görünmeýän» şekiller we anatomiýa ýaly bölümlere bölünen sergi, muzeýiň kolleksiýasyndan alnan taryhy lybaslary we sungat eserlerini birleşdirer.
Bal agşamynyň esasy oturdaşlary hökmünde pop-ýyldyz Beýonse, «Oskar» baýragynyň eýesi, aktrisa Nikol Kidman, meşhur tennisçi Winus Wilýams we Vogue žurnalynyň redaktory Anna Wintur çykyş ederler.

Met Gala Nýu-Ýorkdaky Kostýum institutyny goldamak üçin haýyr-sahawat agşamy hökmünde geçirilýär we her ýyl muzeýiň täze moda ekspozisiýasyny açýar. Bu bal ilkinji gezek 1948-nji ýylda geçirilipdi.


düýn 17:04
1.4k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....