Kolumbiýada güýçli wulkan atylmasy sebäpli ýaşaýjylar göçürilip başlandy

  • 26.02.2026 13:53
  • 5k+

Kolumbiýada palçyk wulkanynyň örän güýçli atylmagy sebäpli häkimiýetler ýerli ilaty howpsuz ýerlere göçürýär. Bu barada BNO News neşiri habar berýär.

Wulkanyň Antiokiýa departamentiniň San-Huan-de-Uraba munisipalitetinde atyldy. Hadysa degişli suratlarda we wideoşekillerde wulkanyň agzyndan, edil partlama meňzäp, ägirt uly diametrli we belentlikdäki otly sütüniň ýokaryk galýandygy görünýär.
«Ýerli häkimiýetler palçyk wulkanynyň munisipal suw arassalaýjy desgasynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda atylandygyny mälim etdi» diýlip, habarda bellenilýär.
Resmi maglumatlara görä, pida we şikes alan ýok. Häzirki wagtda diňe Siete-Wueltas etrabyna barýan ýoluň zaýalanandygy hasaba alyndy. Wakany gözi bilen görenler wulkanyň atylan ýerinden birnäçe kilometr uzaklykda hem ýerleriň jaýrylandygyny we asfaltyň bölek-bölek bolandygyny aýdýarlar.
Mundan başga-da, 19-njy fewralda Filippinlerde Kanlaon wulkanynyň atylandygy habar berildi. Filippinleriň Wulkanologiýa we seýsmologiýa institutynyň maglumatyna görä, bu atylma iki minuda çekdi we onuň netijesinde dörän külüň meýdany 4,5 kilometr belentlige çenli ýetdi.


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....