Netflix «Tekepbirlik we gümanalyk» romanynyň täze ekranlaşdyrmasynyň tizerini görkezdi

  • 25.02.2026 22:11
  • 2.4k+

Netflix özüniň YouTube kanalynda Jeýn Ostiniň «Tekepbirlik we gümanalyk» («Гордость и предубеждение») romanynyň täze taslamasynyň tizerini görkezdi. Garaşylýan mini-serialda baş keşbi Emma Korrin ýerine ýetirýär.

Alty bölümden ybarat boljak filmiň premýerasy 2026-njy ýyla meýilleşdirildi, emma anyk senesi häzirlikçe mälim edilmedi. Kinonyň ssenariýasy Dolli Oldertonyňky, režissýorlyk işi bolsaÝuros Line degişli.
Taslamanyň edebi esasy — Jeýn Ostiniň 1813-nji ýylda ýazan meşhur eseridir. Sýužet jemgyýetçilik deňsizligi şertlerinde Elizabet Bennet we jenap Darsiniň arasyndaky söýgi taryhy barada gürrüň berýär.
Filmde başga-da aktýorlardan Oliwiýa Kolman, Jek Lauden, Rufus Sýuell, şeýle-de surata düşüriş işlerine Freýýa Meýwor, Ria Norwud, Holli Eýweri, Houpi Periş, Luis Partrij, Jeými Demetriu we Deril MakKormak gatnaşdylar.
Bu meşhur kitap mundan ozal hem birnäçe gezek ekrana geçirilipdi. Eseriň esasynda 1995-nji ýylda Kolin Fert we Jennifer Eliň gatnaşmagynda serial, 2005-nji ýylda bolsa Kira Naýtli we Mettyu Makfedyen bilen çeper film tomaşaçylara ýetirilipdi.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....