Ford ABŞ-da tas 500 müň krossowerini tehniki näsazlyklar sebäpli yzyna çagyrýar

  • 26.02.2026 09:08
  • 3.2k+

Ford Motor kompaniýasy  ABŞ-da 453 müňden gowrak awtomobilini ýüze çykarylan tehniki meseleler sebäpli yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky milli dolandyryş edarasy habar berýär.

Yzyna çagyrylýanlaryň esasy bölegi 2017–2019-njy ýyllar aralygynda öndürilen 412 774 sany Ford Explorer krossoweridir. Bu awtomobilleriň yzky asma ulgamynyň çekiji ryçaglarynda zeper bardygy anyklandy. Şoňa görä, hereket wagtynda bu detal döwlüp, ulagy dolandyrmak mümkinçiliginiň ýitirilmegine getirip biler. Kompaniýanyň şu näsazlyk bilen bagly bolmagy ähtimal bolan iki sany ýol heläkçiligi hakynda maglumat bar.  Iki ýagdaýda-da heläk bolan adam ýok, ýöne awtomobiller howply ýagdaý döredip, ýol germewlerini baryp urupdyrlar.
Ulag eýelerine resmi dilerlerde kemçilikli detaly mugt görnüşde has güýçlendirilen detal bilen çalşyrmak hödürlener.
Mundan başga-da, Ford 2023–2025-nji ýyllarda öndürilen 24 690 sany gibrid Ford Escape we 2023–2026-njy ýyllaryň Lincoln Corsair krossowerlerini yzyna çagyrýar. Onuň sebäbi hökmünde çekiji batareýada önümçilik kemçiliginiň bolmak ähtimallygy görkezilýär. Ulag eýelerine akkumulýatory 80%-den artyk zarýadlandyrmazlyk maslahat berilýär, eger şeýle edilse, näsazlyk gysga tok utgaşmasyna we ýangyna eltip biler. Kompaniýa bu meseläni çözmek ugrunda işlerini dowam etdirýär.
Mundan başga-da, ýene 40 655 sany awtomobiliň akkumulýatorlaryndaky we tormoz pedallaryndaky nogsan sebäpli yzyna çagyrylýandygy-da habar berilýär.


05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.6k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....