Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

  • 09.05.2026 09:12
  • 2.2k+

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy.

Awtoulag çärýek mil (402 metr) aralygy 6,87 sekuntda geçdi we pellehanada sagatda 356 km tizlige ýetdi. «Ford Performance» bölümi tarapyndan işlenip düzülen bu taslama adaty ýollar üçin däl-de, diňe ýaryş synaglary üçin niýetlenendir.

Awtoulagyň güýç beriji desgasy umumy kuwwaty takmynan 1,62 MWt (2200 at güýji) bolan iki sany elektromotordan ybaratdyr. Bu rekordyň gazanylmagynda transmissiýa we sazlaşyk ulgamynyň inženerçilik çözgütleri uly orun eýeledi. Olar kuwwatyň netijeli berilmegini üpjün etdi we badalga berlen pursadynda tigirleriň boş aýlanmagyny azaltdy.

Bu netije, ozal diňe içinden ýanýan hereketlendirijili awtoulaglaryň agalyk edýän ugurlarynda indi elektromobilleriň hem rekord goýup biljekdigini görkezýär.


düýn 12:20
2.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......