Aşgabat – Ýolöten ugry boýunça gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar

  • 26.02.2026 18:22
  • 9k+

2026-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap, Aşgabat – Ýolöten ugry boýunça gündelik awtobus gatnawy işe girizilýär. Bu barada «Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti mälim etdi.
Täze ugurlaryň açylmagy we ýolagçylara hem-de daşary ýurtly myhmanlara hyzmat etmegiň hiliniň ýokarlandyrylmagy Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň häzirkizaman tehnikalaryny ornaşdyrmagyň çäginde amala aşyrylýar diýlip, edaranyň habarynda bellenilýär.
Awtobus Aşgabatdan sagat 13:00-da Atamyrat Nyýazow şaýolundaky Awtokombinat belleniş nokadyndan, Ýolöten etrabyndan bolsa sagat 09:00-da ugrar.
Habarlaşmak we goşmaça maglumat almak üçin ýolagçylar şu telefon belgilerine ýüz tutup biler: +99361-49-34-95 we 44-35-20.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 20:02
7.4k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......