9.1k+

Borty syçanly, siňekli we kömelekli hemra kosmosda 30 gün bolandan soň Ýere gaýdyp geldi

Bortunda janly organizmler bolan “Bion-M” № 2 hemrasy kosmosda 30 gün bolandan soň Russiýanyň Orenburg sähralaryna gondy. “Roskosmos” gonuş ýerinden kadrlary hödürledi. Bortda 75 syçan, 1,5 müň töweregi siňek, öýjükli kulturalar, ösümlikler (kalendula, ehinaseýa, moh), däneli, däne kösükli we senagat ekinleriniň nusgalary bardy...

1.9k+

NASA “çipdäki beden agzalarynyň” Aýa uçuşa nähili çydajagyny barlar

NASA 10 gün dowam etjek we Aýa uçuşyň dowamynda geçjek Artemis II missiýasynyň çäklerinde AVATAR (A Virtual Astronaut Tissue Analog Response) synagyny geçirer. Synaglaryň dowamynda “çipdäki beden agzalary” - Artemis II-niň astronawtlarynyň süňk ýiliginiň öýjüklerini öz içine alýan fleşkanyň ölçegindäki enjamlar ulanylar...

9.5k+

Ýere şu ýylda iň uly asteroidleriň biri golaýlaşýar

2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Ýeriň golaýyndan 2025 FA22 asteroidi uçup geçer. Ol Aý orbitasynyň diametrinden biraz uly aralykdan geçer diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi...

5.6k+

Astronomlar “gara ýyldyzlaryň” bardygynyň alamatlaryny tapdylar

Maks Plankyň astronomiýa institutynyň (MPIA) astronomlary irki Älemde "gara ýyldyzlar" diýilýänleriň bardygynyň alamatlaryny habar berdiler. Bu obýektler käbir gadymy galaktikalaryň adatdan daşary uly massasyny we gara girdaplaryň çalt ösüşini düşündirip bilerdi...

5.4k+

Alymlar 13-14-nji sentýabrda magnit hadysalarynyň bolmagyny çaklaýarlar

13-14-nji sentýabrda Ýer ýüzünde G2–G3 derejesindäki (bäş derejeli şkalada ikinji we üçünji dereje) magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasy hem-de Gün–Ýer fizikasynyň Sibir bölüminiň institutynda habar berildi...

2.9k+

SpaceX Falcon 9 raketalarynyň uçuş sanyny 120-ä çenli artdyrmaga rugsat aldy

SpaceX Floridadaky Kanaweral burnundan Falcon 9 raketalarynyň uçuş sanyny ep-esli artdyryp biler. ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) ekologiýa synyny tamamlady, bu hem kompaniýa uçuşlaryň sanyny ýylda 50-den 120-ä çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi diýip, TechCrunch habar berýär...

3.8k+

Fizikler Älemiň geljegini çaklamak üçin matematiki enjam döretdi

Moskwanyň fiziki-tehniki institutyndan (MFTI) rus fizik-teoretikleri Älemimiziň geljegini çaklamak üçin täze matematiki gural döretdi. Ol kosmos masştabynda kwant meýdanlarynyň özüni nähili alyp barýandygyny beýan edýär we Äleme giňelmek şertlerinde nämäniň garaşýandygyna düşünmäge kömek eder...

2.7k+

SpaceX-iň köp gezeklik Falcon 9 raketasy 30-njy uçuşyny amala aşyrdy

28-nji awgustda SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasyny üstünlikli uçurdy – ol Ýere golaý orbita Starlink internet aragatnaşyk ulgamynyň täze hemralaryny çykardy. Raketanyň B1067 belgili birinji köp gezeklik basgançagy uçuşdan soň Ýere gaýdyp geldi we eýýäm 30-njy gezek Atlantika ummanyndaky ýüzýän platformada asuda gondy...

5.6k+

Mask Starship-de ýokary tizlikli uçuşlary wada berýär: Nýu-Ýorkdan Londona 10 minutda

Ilon Mask özüniň soňky çykyşynda ýene Starship kosmos gämisini Ýerde ýokary tizlikli uçuşlar üçin ulanmak mümkinçiligi barada söz açdy. SpaceX-iň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, Los-Anjeles we Sidneý, Los-Anjeles we Tokio ýa-da Nýu-Ýork we Singapur ýaly şäherleriň arasyndaky syýahat 30 minutdan hem az wagt alyp biler...

2.7k+

SpaceX kompaniýasy Starship gämisiniň onunjy synag uçuşyny üstünlikli geçirdi

26-njy awgustda SpaceX amerikan kompaniýasy Starship gämisi oturdylan Super Heavy raketa göterijisiniň onunjy synag uçuşyny üstünlikli geçirdi. Çäre X sosial ulgamy arkaly göni ýaýlymda görkezildi. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, synagda öňde goýlan maksatlara ýetildi we bu uçuş "dünýäde ilkinji dolulygyna köp gezeklik raketa göterijisini işläp taýýarlamakda ähmiýetli ädim» boldy...

3.1k+

“Jeýms Uebb” Uranyň täze hemrasyny açdy

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy Uranyň täze hemrasyny açdy – ol S/2025 U1 adyny aldy. Indi planetanyň mälim hemralarynyň sany 29-a ýetdi diýip, NASA habar berdi. Agentlik bu açyşyň 2025-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolandygyny belleýär...

14k+

Gün özünden uly plazma zyňdy

20-nji awgustda astronomlar soňky ýyllaryň iň uly Gün hadysalarynyň birini hasaba aldy: Günüň günorta polýusyndan uly protuberanes zyňyldy. Onuň uzynlygy, takmynan, 1,5 mln kilometr boldy, bu bolsa Günüň öz diametrinden (takmynan, 1,4 mln km) hem uludyr...

8.4k+

17-nji awgustda Ýeriň golaýyndan 15 gatly jaýyň ululygynda asteroid uçup geçer

17-nji awgustda Aşgabat wagty bilen 14:30-da diametri 50 metr töweregi bolan 2025 PM asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer. Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň maglumatlaryna görä, planeta çenli iň az aralyk, takmynan, bir Aý orbitasynyň diametrine barabar bolar – bu bir million kilometrden az...

4.3k+

Üzüm hoşasyna meňzeýän gadymy galaktika tapyldy

Astronomlar Uly partlamadan 900 million ýyl geçensoň emele gelen galaktikany tapdylar. Şekiline görä, oňa "kosmiki üzüm" ady berildi diýip, National Radio Astronomy Observatory-daky makalada aýdylýar. “Habbl” teleskopynyň ilkinji suratlarynda galaktika bulaşyk ýaly görünýärdi, ýöne täze tehnologiýalar azyndan 15 sany äpet ýyldyz emele getirýän toparyň aýlanýan ulgamyny synlamaga mümkinçilik berdi...

9.4k+

Marsda Ýerde näbelli mineral tapyldy

Marsa köpýyllyk gözegçilikler onuň üstüniň jikme-jik kartasyny döretmäge mümkinçilik berdi, ýöne planetanyň mineral düzümi häzire çenli doly öwrenilmän galýar. Alymlar bu planeta barada täze düşünjeleri almak üçin zond we spektr maglumatlaryny seljermegi dowam etdirýär, bu bolsa käwagtlar garaşylmadyk netijeleri berýär...

5.2k+

Alymlar iň ýakyndaky gara girdaba zond ugratmagy teklip edýärler

Alymlar gara girdaba kosmos apparatyny ibermek pikirini öňe sürdüler. Şunuň ýaly missiýanyň konseptini Şanhaýdaky Fudan uniwersitetiniň professory Kosimo Bambi beýan etdi diýip, Daily Mail habar berýär. Barlagçynyň pikirine görä, apparat "nanogämi" - bolup geçýän zatlary ýazgy etmäge we olar hakda Ýere maglumatlary geçirmäge ukyply mikroçip bolar...

3.4k+

NASA we Google Cloud kosmosda astronawtlara kömek etmek üçin EA lukmanyny döredýär

NASA we Google Cloud uzak dowam edýän kosmos missiýalarynda astronawtlara diagnoz goýmakda we bejermekde kömek edip biljek emeli aň ulgamyny synagdan geçirýär. Ulgam “Ekipaž lukmanynyň sanly kömekçisi” (CMO-DA) adyny aldy we Aýa gaýdyp barmak boýunça “Artemid” missiýasyndan başlap, ekipažly uçuşlara taýýarlygyň çäklerinde döredildi...

6.4k+

Aý 7-nji sentýabrdaky tutulma wagtynda gyzyl reňke eýe bolar

7-nji sentýabrda doly Aý tutulmasy bolup geçer we onuň dowamynda Aý bir ýarym sagat töweregi Ýeriň kölegesinde bolar. Bu döwürde tebigy hemra gyzylymtyl reňke eýe bolar diýip, Moskwa planetariýasynyň usuly goldaw bölüminiň başlygy, astronom Lýudmila Koşmana salgylanyp, TASS habar berýär...