Perseverance barlaglary Marsyň öň çygly we maýyl bolandygyny tassyklady

  • 19.02.2026 09:05
  • 2k+

Marsyň ýüzünde geçirilen barlaglar milliardlarça ýyl ozal bu planetanyň öň çaklanylyşy ýaly buz bilen örtülmän, gaýta maýyl we çygly bolandygyny görkezdi. Munuň özi «Nuh eýýamy» diýlip atlandyrylýan döwürde (takmynan 4,1–3,7 mlrd ýyl ozal) Marsda äpet suw howdanlarynyň we derýalaryň bolandygyny çaklamaga doly mümkinçilik berýär.
Şol döwürde Günüň häzirkiden 30% pes ýagtylyk saçandygyna garamazdan, Marsyň atmosferasy parnik gazlaryna baý bolup, ýylylygy-da saklap bilen bolmaly. Planetanyň geçmişindäki howa şertleri barada alymlaryň arasynda uzak wagtlap dowam eden iki sany esasy garaýyş bar. Olaryň birinjisi, Mars tutuşlygyna buz bilen örtülen bolup, suw diňe wagtlaýynça — wulkanlaryň atylmagy ýa-da äpet meteoritleriň urulmagy netijesinde emele gelen gyzgynlyk sebäpli erän bolmaly, ikinjisi-de, Marsda temperaturanyň hemişe diýen ýaly noldan ýokary bolup we planetanyň ýüzünde suwuk suw hemişelik saklanandygy hakyndaky çaklamadyr.  Täze maglumatlar ikinji çaklamany tassyklaýar.
Ýezero krateriniň düýbünde işleýän Perseverance roweri alýumine baý bolan toýun jynslaryny öwrendi. Bu minerallaryň düzümi hem suwuň suwuk ýagdaýdaky täsirini görkezdi. Bu-da öz gezeginde daş-töweregiň uzak wagtlap suw bilen gurşalandygyny görkezýär.
Tapylan minerallar Ýerdäki ýyly we çygly döwürleriň minerallaryna örän meňzeşdir. Bu bolsa gadymy Marsda dürli biologik ýaşaýyş görnüşleriniň bolup biljekdigine ynam döredýär.
Perseverance geçen ýyl biologik ýaşaýşyň yzlary bolup biljek nusgalary ýygnady. Bu gymmatly tapyndylar geljekki kosmos missiýalary arkaly Ýer ýüzüne getiriler we has jikme-jik öwreniler.


düýn 23:32
511

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......